Şu gün, ýagny 30-njy awgustda Türkiýe Respublikasynda Ýeňiş baýramy bellenilip geçildi. Ýeňiş baýramy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem dabara geçirildi.
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýeňiş baýramynyň 102 ýyllygy mynasybetli dabara gurnady we oňa Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary Döwran Durdyýew, daşary ýurtlaryň ilçileri, metbugat wekilleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekili Türkiýe Respublikasyny Ýeňiş baýramynyň şanly 102 ýyllygy bilen gutlady.
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok öz gezeginde Ýeňiş baýramynyň ähmiýetini belläp, bu gazanylan ýeňşiň 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginde ädilen möhüm ädim bolandygyny aýtdy.
Şeýle hem ol dabara gatnaşyjylary şanly baýramçylyk bilen gutlap, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlagyny okady.
Ilçi Ahmet Demirok ilçihananyň harby ataşesi Mehmet Ýyldyza hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyna goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Dabarada edilen çykyşlarda Türkiýäni esaslandyran Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygyndaky türk goşunynyň Dumlupynardaky taryhy ýeňşiniň ähmiýetini belläp geçdiler.
Dabarada myhmanlara hödür-kerem edildi.