BILIM

Türkiýäniň uniwersitetlerinde okatmagyň täze usuly

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi bilen Saglygy goraýyş ministrliginiň bilelikdäki maslahatlarynyň netijesinde, ýokary okuw mekdeplerinde “gibrid bilim” ulgamyna geçmek göz öňünde tutulýar. Amaly okuw bölümlerde talyplar ýarym günlügine uniwersitete bararlar. Beýleki bölümler bolsa uzagara okuw ulgamynda okuwyny dowam etdirer.

Koronawirus ýokanjy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkiýede ýokary okuw mekdeplerinde sapaklar onlaýn tertibinde dowam edýär. Öňümizdäki bahar möwsüminde “gibrid bilim” ulgamy ýola goýlar.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Bilim geňeşi we Ýokary bilim geňeşiniň (YÖK) teklipleri esasynda köp uniwersitetler okatmagyň täze usulyna geçmegi meýilleşdirýär.

Süleýman Demirel, Selçuk, Stambul we Harran uniwersitetleri bu ulgama geçjekdigini mälim etdi.

Süleýman Demirel uniwersitetiniň rektorlygynyň “gibrid bilim” ulgamy barada beren habarnamasynda tejribe gönükdirilen ugurlarda ýagny, lukmançylyk, stomatologiýa, şekillendiriş sungaty, sport ylymlary we ylahyýet, jemgyýetçilik ylymlary, lukmançylyk ylymlary we şekillendiriş sungat institutlary we beýleki fakultetlerde gibrid bilim modeliniň çäginde ýüzbe-ýüz sapaklaryň geçirilip bilinjekdigi mälim edildi.

Beýleki ähli akademiki bölümlerde teoretiki ugurly okuwlarda onlaýn usuly bilen dowam etdiriljekdigi bellenildi.

Stambul uniwersitetiniň Jerrahpaşa lukmançylyk fakultetinde 4-nji, 5-nji we 6-njy ýylyň talyplary kliniki tejribeleri ýüzbe-ýüz geçiriler, teoretiki sapaklar ýüzbe-ýüz ýa-da sanly gibrid hökmünde geçiriler. Weterinariýa, saglyk ylymlary, şepagat uýalary we sport ylymlary fakultetlerinde amaly okuwlar ýüzbe-ýüz geçiriler, teoretiki sapaklar gibrid hökmünde ýüzbe-ýüz ýa-da sanly ulgam görnüşinde geçiriler.

GIBRID BILIM

Adaty bilim usulyny onlaýn bilim materiallary bilen baýlaşdyrmak hökmünde kesgitlenýär. Ýagny onlaýn bilimden başga-da, ýüzbe-ýüz sapaklar hem berler.

Garyşyk okuw, gibrid okuw, garyşyk okuw diýlip hem atlandyrylýar; Iň ýönekeý kesgitlemesinde, adaty bilim usulyny onlaýn bilim materiallary bilen baýlaşdyrmak ýa-da garyşdyrmak hökmünde kesgitlenilýär.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler