SPORT

Türkiýäniň Superkubogyny “Trabzonspor” topary gazandy

Türkiýäniň “Türkcell Superkobugy” ugrundaky duşuşykda “Trabzonspor” topary bilen “Demir Grup Siwasspor” toparlary duşuşdy.

Duşuşykda garşydaşyny 4:0 hasabynda ýeňen “Trabzonspor” topary 3-nji gezek Türkiýäniň Superkubogyny gazandy.

Türkiýänyň Superkubogy boýunça 16-njy gezek geçirilen duşuşykda geçen möwsümiň çempiony “Trabzonspor” ýeňiş gazanyp, möwsümi kubok bilen tamamlap, täze möwsüme hem kubok bilen başlaýar.

“Atatürk” olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşykda “Trabzonspor” toparyna kubogyny Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň başlygy Mehmet Büýükekşi gowşurdy.

“Trabzonspor” topary mundan ozal, 2010-njy we 2021-nji ýyllarda Atatürk Olimpiýa stadionynda geçirilen Superkubogy almagy başardy. Bu topar 2010-njy ýylda “Bursaspory” 3-0 hasabynda,  2021-nji ýylda “Medipol Başakşehiri” 2-1 hasabynda ýeňip, kubogy gazanypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy