JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy duşuşygyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly salamlaryny we Türk halkyna  iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi şeýle hem Aşgabat şäherinde ýokary derejede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäresine – halkara forumyna gatnaşmak üçin iberen çakylygyny gowşurdy.

Türkmen tarapy türkmen we türk halklarynyň gadymyýetden gelýän  taryhy kökler, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyryp, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklar bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi barada nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady