DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen gelýär

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanda döwlet saparynda bolar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şu hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugry baý wakalara beslenýär. 27-28-nji noýabrda Türkmenistanyň dostlukly ýurdy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary, 28-nji noýabrda bolsa, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde berlen hasabatlara görä, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasbaat berildi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýändigi, iki ýurduň arasyndaky hukuk-resminama binýadynyň çäklerinde 168 resminama gol çekilendigi mälim edildi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýäniň medeni we ynsanperwer ugurlarda, şol san-da ylym-bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýäniň Prezidentiniň soňky gezek duşuşygy Stambul şäherinde geçirildi. Şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň çäklerinde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşygy boldy.

 

Türkmenistan Russiýa gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler