DÜNÝÄ

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk Türkmenistanda ýatlanyldy

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aradan çykmagynyň 85 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Her ýylyň 10-njy noýabrynda türk halky özüniň ilkinji Prezidenti we esaslandyryjysy Atatürküň aradan çykan gününi belläp geçýär.

Şeýle dabaralar Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem geçirildi. Paýtagtymyzdaky Atatürküň adyny göterýän seýilgähde dabara geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnan çäresinde Atatürk ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow, ilçihananyň wekilleri, Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem metbugat wekilleri gatnaşdy.

Ýerli wagt bilen 09:05-de başlan dabarada iki ýurduň milli senalary ýaňlandy. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Atatürküň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Bu ýerde çykyş eden ilçi Togan Oral her ýyl 10-njy noýabrda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň ýatlanyp geçilýändigini belledi. Ýurdy esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň öňdengörüjilikli syýasatynyň dowam etdirilmegi bilen Türkiýe Respublikasynyň häzirki wagtda dünýäniň abraýly döwletleriniň hatarynda ornuny alandygyny belledi.

Togan Oral Mustafa Kemal Atatürküň Türkmenistanda hem ýatlanyp geçilýändiginden uly hoşallyk bildirip, ýurduň esaslandyryjysynyň Aşgabatda Türkiýäniň ilçihanasynyň garşysynda orun alan we Atatürküň adyny göterýän seýilgähde we onuň ýadygärliginiň öňünde dabaralary guramagyň özboluşlydygyny belledi.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda aradan çykdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri