SPORT

Türkiýäniň çempiony – “Medipol Başakşehir”

Türkiýäniň futbol boýunça milli çempionaty bolan “Süper Lig”-iň çempiony belli boldy. 2019-2020-nji ýylyň möwsüminiň tamamlanmagyna bir hepde galanda “Medipol Başakşehir” topary “Hes Kablo Kayserispor” toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek çempion bolmagy başardy.

“Medipol Başakşehir” topary “Fenerbahçe”, “Galatasaraý”, “Beşiktaş”, “Trabzonspor” we “Bursaspor” toparlaryndan soňra Türkiýäniň futbol boýunça milli çempionatynda çempion bolan 6-njy topardyr.

“Medipol Başakşehir” topary çempionatyň 33-nji tapgyrynda “Kayserispor” topary bilen öz meýdançasynda duşuşdy. “Başakşehir Fatih Terim” stadionyndan geçirilen duşuşykda çempion toparyň goluny 19-njy minutda Mahmut Tekdemir öz adyna ýazdyrdy.

Duşuşygyň 66-njy minutynda stadionyň çyralary öçdi. Duşuşyk 17 minut toguň ýokdugy sebäpli arakesme yglan edildi. Şeýle ýagdaý duşuşygyň 84-nji minutynda hem bolup geçdi.

Şeýlelikde, uly gyzyklanma eýe bolan bu duşuşygyň ahyrynda “Medipol Başakşehir” topary 89 utuk toplap, ikinji orundaky we 62 utugy bolan “Trabzonspor” toparyndan arany açyp, çempion bolmagy başardy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öz jemgyýetçilik torundaky hasabyndan çempion bolan “Medipol Başakşehir” toparyny gutlady.

Ilkinji gezek çempion bolan “Medipol Başakşehir” topary indiki möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşar. “Medipol Başakşehir” topary çempion bolmak bilen gazanjak girdejisi 420 million lira deň bolar.

2013-2014-nji ýylyň möwsüminde ýokayr ligada çykyş edip başlan bu toparda Robinho, Gael Klişi, Demba Ba, Arda Turan ve Emmanuel Adebaýor ýaly tanymal futbolçylar çykyş edip, toparyň çempionlygyna goşant goşdy.

“Medipol Başakşehir” toparyna bir döwürler Türkiýäniň güýçli toparlarynda oýnan, milli ýygyndynyň futbolçysy bolan Okan Buruk tälim berýär.

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov