BIZNES

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň ulag hem-de logisitka ulgamynda iş alyp barýan edaralaryň gatnaşmagynda Türki döwletleriniň ýük daşaýjylarynyň bileleşigi döredildi. Bu bileleşik Merkezi Aziýada logistika pudagynyň ösdürilmegine uly goşant goşar.

Türk metbugatyndaky habara görä, Türkiýe bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag edaralarynyň gatnaşmagynda 20-nji noýabrda täze bileleşik döredildi. Gol çekişlik dabarasyna Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubaniçbek Ömüraliýew hem gatnaşdy.

Stambul şäherinde geçirilen ulag ulgamynda degişli halkara serginiň çäklerinde Türkiýäniň Ýük daşaýjylar edarasynyň ýolbaşçysy Şerafettin Abbasyň, Azerbaýjanyň ABADA edarasynyň başlygy Habib Hasanowyň, Özbegistanyň AIRCUZ edarasynyň başlygy Sanjar Pulatowyň hem-de Türkmenistanyň Halkara awtomobil daşaýjylaryň türkmen assosasiýasynyň (THADA) başlygy Bekmyrat Eýeberdiýewiň gatnaşmagynda resminama gol çekildi.

Gazagystan bilen Gyrgyzystan bu resminama diplomatik kanallar arakly gol çekerler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary