BIZNES

Türki döwletleriň maýa goýum gaznasy öz işine başlaýar

Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde döredilen Türki döwletleriň maýa goýum gaznasy öz işine başlaýar. Bu gaznanyň döredilmegine degişli ylalaşygyň tassyklanmagyna degişli kanun Türkiýäniň resmi gazetinde çap edildi.

Şu kanun resminamasy bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitinde gol çekilen türki döwletleriň maýa goýum  gaznasyna degişli ylalaşyk güýje girizilýär.

Şol sammitde “deň maýa goýum goşandy we deň ses hukugy” ýörelgesi esasynda gaznanyň döredilmegi babatda degişli çözgüt kabul edilipdi..

Şoňa laýyklykda 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Ankara şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitinde gaznanyň döredilmegine degişli ylalaşyga gol çekildi. Şu ýylyň 1-nji noýabrynda bu ylalaşygyň tassyklanmagyna degişli kanun teklibi Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde kabul edildi.

Ylalaşyga görä, Türkiýäniň bu gazna goşandy 100 million dollardan geçmeýär. Ýöne döwlet Baştutanynyň bu göz öňünde tutulan maliýe serişdesini 5 esse ýokarlandyrmak ygtyýarlygy bar.

Gazna guramanyň çäginde söwda möçberini ýokarlandyrmaga we guramanyň çägindäki döwletleriň ykdysady taýdan ösmegine goşant goşmagy meýilleşdirýär,

Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna guramanyň döwletlerinde orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, önümçilik kuwwatlyklary giňeltmek, sanly infrastrukturany güýçlendirmek we beýleki pudaklarda taslamalar durmuşa geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder