BIZNES

Türki Döwletleriň Guramasynyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň duşuşygy

Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletleriň söwda we ykdysadyýete gözegçilik edýän ministrleriniň 12-nji duşuşygy geçirildi.

Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolatyň başlyklyk etmegine geçirilen duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, Gyrgyz Respublikasynyň ykdysady we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew, Özbegistanyň ýaşlar syýasaty we sport ministri Adham Ikramow, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň birinji orunbasary Elnur Aliýew, Gazagystanyň milli ykdysady ministriniň orunbasary Abzal Abdikarimow, Wengriýanyň daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto gatnaşdy.

Duşuşykda gurama agza hem-de synçy döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, guramanyň çägindäki döwletleriň arasynda elektorn söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Bilelikdäki ykdysady zolagy döretmek, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek üçin degişli komiteti gurmak, hyzmatlar we maýa goýumlar boýunça erkin söwda ylalaşygyny taýýarlamak babatda pikir alyşmalar geçirildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça bileleikdäki beýannama gol çekildi.

Bu duşuşykdan soňra türki dünýäsiniň işewürler forumy geçirildi. Ol Türki Döwletleriň Guramasynyň Türk söwda we senagat edaralary birleşigi tarapyndan Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň goldamagynda geçirilen foruma sebit ýurtlaryndan köp sanly işewürler gatnaşdy.

Forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Baş sekretar Ömuraliýew hususy pudagyň wekillerini goldamagyň we Türki döwletleriniň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, söwdadaky päsgelçilikleri aýyrmagyň, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmegiň we sebitde erkin söwda gurmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Forumyň çäklerinde köp sanly ikiçäk duşuşyklar geçirilip, onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary kesgitlendi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy