DÜNÝÄ

Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan TDG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň paýtagtyna gelen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Türki döwletleriň guramasy bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegini özüniň sebitleýin we ählumumy hereketlere gatnaşygynyň umumy ugruny nazarda tutmak arkaly ileri tutýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň ençemesi, hususan hem Ýaşulular Geňeşi, Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasy hem-de Türki söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary öz nobatynda saýlawlara gatnaşmaga çagyrandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna ýokary baha berdi hem-de saýlawlaryň açyk, aýdyňlyk we demokratiki ýagdaýda geçirilendigini nygtady.

Şeýle-de B.Amreýew Türkmenistanyň onuň wekilçilik edýän halkara düzüminiň işine işjeň gatnaşýandygynyň ähmiýetini nygtamak bilen, häzirki wagtda Türki döwletleriň guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän derwaýys taslamalara hem-de maksatnamalara üns çekdi.

 

 

Mergen Annamuhammedow: radio – alypbaryjylar üçin iň uly mekdep

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri