BILIM

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolatyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan bu sergi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Türk ministri diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem medeni-ynsanperwer ugurda hem gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.

– Geçen ýyl Türkiýe dünýäde iň köp daşary ýurtly talyplary özüne çekýän ilkinji on ýurduň arasynda boldy, Türkiýäniň uniwersitetlerinde takmynan 350 müň daşary ýurtly talyp bilim alýar. Türkiýäniň uniwersitetlerinde olaryň arasynda takmynan 37500 türkmenistanly talyby kabul etmekden buýsanýarys. Syýahatçylyk ulgamynda geçen ýyl ýurdumyza 200 müňden gowrak türkmen myhmanyny hem kabul etdik. – diýip, ministr belledi.

Sergide Türkiýäniň abraýly ýokayr okuw mekdepleri hem öz diwarlygy bilen çykyş edýär. Olaryň hatarynda türkmenistanly ýaşlaryň hem uly gyzyklanma bildirýän hem-de bilim alýan Medipol, Stambul Aýdyn, Sabanjy we beýleki ýokayr okuw mekdepleri bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri