SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy hem adaty uçar gatnawlaryna başlaýar

Türkmenistan global pandemiýadan soňra adaty uçar gatnawlarynyň ugruny yzygiderli artdyryp gelýär.  Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Stambul ugruna adaty uçar gatnawlaryna başlan bolsa,  indi Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy hem Türkmenistan ugruna adaty uçar gatnawlaryna başlaýar.

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan “Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalyna  gelip gowşan täze maglumata görä, bu kompaniýa  2022-nji ýylyň Noýabr  aýynyň  2-sinden başlap,  Stambul Türkmenbaşy -.Stambul ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryna başlaýar. Mälim bolşy ýaly,  bu awiakompaniýa global pandemiýa döwründe ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyryp geldi. Uçar gatnawlary häzirlikçe hepde-de 2 gezek, hepdäniň çarşamba we perşembe günlerinde amala aşyrylar.  Uçar gatnawlarynyň sanynyň artmagyna garaşylýar we bu barada Size goşmaça habar bereris.

Awiabiletleriň bahasy näçe?

Uçar gatnawlary häzirlikçe hepde-de 2 gezek, hepdäniň çarşenbe we perşenbe günlerinde amala aşyrylar. Uçar gatnawlarynyň sanynyň artmagyna garaşylýar we bu barada Size goşmaça habar bereris.

Biletleri Türkiýeden we Türkmenistandan alyp bolar. Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça biletiň bahasy 397 ABŞ dollaryndan başlaýar. Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawyň biletiniň bahasy 497 ABŞ dollaryndan başlaýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň adat uçar gatnawlary….

Ýadyňyzda bolsa, “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem, 2022-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 5-nden başlap, Türkmenistan-Türkiýe ugruna adaty uçar gatnawlaryna başlady. Uçar gatnawlary  her hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri, ýagny hepdede 4 gezek adaty tertipde amala aşyrylar.

 

Ýörite uçar gatnawlaryndan adaty uçar gatnawlaryna..

Mälim bolşy ýaly, esasan hem soňky birnäçe aýyň dowamynda esasan hem Stambul ugruna ýörite uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artdy. Mysal üçin öň hem habar berişimiz ýaly, Sentýabr aýynda “Türkmenistan” hem-de “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy bilelikde 17 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdiripdi.  Şolaryň 9-sy “Türkhowaýollary” tarapyndan ýerine ýetiridi. 6 sanysy bolsa, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylypdy.

Bu gatnawlar Oktýabr aýynda has artdy. Eger-de  “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2-nji oktýabrda iň soňky ýörite uçar gatnawyny amala aşyran bolsa, eýýäm 5-nji Oktýabrdan başlap hepde-de 4 gezek bolmak şerti bilen adaty uçar gatnawlaryna başlady.

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy bolsa, Oktýabr aýynda hepde-de 3 gezek, ýagny hepdäniň duşenbe, anna we şenbe günleri üçin ýörite uçar gatnawlaryny meýilleşdirdi. Oktýabr aýynyň başyndan şugüne çenli bolsa öň meýilleşdirilen 14 gatnawyň 9-syny amala aşyrdy. Şu ýerde, Okýabr aýynda 4 sany duşenbe güni, 5 sany anna we 5 sany hem şenbe gününiň bardygyny ýatlatmak bilen, hepdede 3 gezek bolsa hem, Oktýabr aýynda ýokaryda agzalan günleriň sanynyň netijesi boýunça 14 gün bolýnadygyny ýatlatmak isleýäris.

 

Eýsem häzirki döwürde haýsy ugurlara adaty uçar gatnawlary dowam edýär

Häzirki  döwürde “Türkmenistan” awiakompaniýasy, Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt,  Stambul we Minsk ugryna adaty uçar gatnawlaryna dowam edýär.  Şu ýylyň 17-nji oktýabryndan “S7” awiakompaniýasy  Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça adaty tertipde gatnawlary amala aşyryp başlady. Belarus Respublikasynyň “Belawia” awiakompaniýasy hem Oktýabr aýynyň 25-ne ilkinji adaty uçar gatnawyny amala aşyrar. Şu ýerde  Gazagystan we Ýapaniýa ugry boýunça gepleşikler baradaky habary öň Siziň dykgatyňyza ýetirenligimizi ýatladyp geçýäris.

 

Türkiýe gitmek üçin wiza ýagdaýy

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkiýe gitmek üçin Türkmenistan raýatlary üçin wiza almak hökmanydyr.  Şonda öň hem bar berişimiz ýaly, Türkiýede ýaşamak üçin ýa-da zähmet çekmek üçin hereket ediş möhleti dowam edýän rugsatnamasy bar bolsa, onda Türkmenistana gelip gidýän raýatlarymyz üçin wiza almak zerur däl. Şeýle hem, käbir ýagdaýlarda transit geçmek üçin hem wiza almak zerur däldigini biz öň saýtymyza ýerleşdiripdik. Bu habarymyzy okap bilersiňiz ýa-da Atavatan TV You Tube kanalyndan tomaşa edıp bilersiňiz.

Ýokaryda agzalan ýagdaýlardan başga Türkiýe gitmek üçin wiza almak zerurdyr. Türki wiza merkeziniň wizalaryň görnüşlerine görä, zerur resminamalaryň sanawyny saýtymyza öň ýerleşdiripdik.

Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän Makul Hyzmat Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigňizi ýatlatmak isleýäris. 

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Mahabat:

Wiza almak hem-de daşary ýurtda okamak isleýänler resminamalaryň terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

Mahabat:

Stambulda ynanç haty, pasport, attestat we beýleki resminamalaryň terjimesi boýunça Aksaraýda ýerleşýän we eýýäm birnäçe ýyldan bäri esasan hem Türkiýe bilen Türkmenistan arasynda terjime köprüsi bolup durýän Atavatan Tercüme Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Atavatan  Danışmanlık ve Tercüme Merkezi diňe terjime we uniwersitetlere ýerleşdirmek  boýunça hyzmatlar berýär. 

Habarlaşmak üçin

+90 532 401 71 52 / +90 530 251 36 73

atavatantranslation@gmail.com 

 

 

Türk wizasy kimler üçin hökman däl?

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder