“IFT 2026” halkara maýa goýum forumynda çykyş eden “Tudana” kompaniýasynyň baş direktory Batyr Rowşanow kärhananyň sebitde iň iri ir-iýmiş öndürijisine öwrülmek strategiýasyny tanyşdyrdy. Meýdany bir gektardan hem az bolan synag uçastogyndan ýokary tehnologiýaly agrosenagat toplumyna çenli ýoly geçen kompaniýa, meýdany 180 gektar bolan ýyladyşhana klasterini gurmak boýunça giň gerimli taslamany durmuşa geçirip başlady.
2029-njy ýyla çenli kärhananyň dolandyryşyndaky aktiwleriniň umumy meýdanynyň 210 gektara ýetmegine garaşylýar, bu bolsa kärhananyň Merkezi Aziýa bazarynda öňdebaryjy orunlary eýelemegini üpjün eder.
Türkmenistanyň amaly çykdajylary birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berýän üýtgeşik gurluş artykmaçlyklary şeýle okgunly ösüş üçin esas boldy. Arzan energiýa serişdelerine bolan elýeterlilik, ýeriň uzak möhletleýin kärendesi we döwlet tarapyndan ýyllyk 1–5% bilen berilýän ýeňillikli karz goldawy agrosenagat üçin aýratyn şertleri döredýär.
Häzirki wagtda kärhana ýylda 1600 tonna ýertutan öndürip, her inedördül metrden 12–15 kg hasyl almak bilen ýokary netijeliligi görkezýär. Ösüşiň möhüm tapgyry doly tehnologik özbaşdaklyk boldy: kompaniýanyň 6 million nahal öndürmäge ukyply şahsy nahalhanasy, barlaghanasy we ylmy-barlag merkezi bar.
Ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine (R&D) goýlan maýa goýumlar hem-de “Tudana Akademiýasynyň” döredilmegi, kärhana diňe bir Ýewropanyň iň gowy görnüşlerini ýerli şertlere uýgunlaşdyrmaga däl, eýsem ir-iýmişleriň öz patentli görnüşini işläp düzmäge hem mümkinçilik berdi.
Işleriň geriminiň giňemegi bilen bir hatarda, önümleri bökdençsiz eltmek üçin häzirki zaman sowadyjy ulaglar parkyny öz içine alýan şahsy logistika ulgamy hem ösdürilýär. “Tudana” brendi astyndaky önümler eýýäm BAE-ne, Gazagystana we Özbegistana üstünlikli eksport edilýär.
Täze maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi kompaniýanyň eksport mümkinçiligini birnäçe esse artdyrmaga we Türkmenistanyň dünýä derejeli ekologik taýdan arassa hem-de ýokary tehnologiýaly oba hojalyk önümlerini iberiji hökmündäki abraýyny berkitmäge mümkinçilik berer.
