MEDENIÝET

“TRT” teleýaýlymyndan Aşgabadyň waspyna goşant

Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli özboluşly sowgat taýýarlady. Türkiýäniň teleýaýlymynyň Aşgabatdaky wekilhanasy “Merjen şäher Aşgabat” atly gysga metražly film taýýarlady. Aşgabadyň özboluşly waspyna öwrülen bu filmiň Aşgabat şäherindäki Türkiýäniň medeniýet merkezinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan dabarasynda çykyş eden Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy ýolbaşçysy Ugur Sami Gezer 1927-nji ýylda döredilen “TRT” teleradiokorporasiýasynyň uly tejribe eýedigini belläp, dünýäniň ähli ýerinde ýaýlyma çykýandyklaryny belledi.

“TRT” teleradiokorporasiýasynyň Merkezi Aziýada ilkinji wekilhanasyny Aşgabatda açandygyny bellän Ugur Sami 1999-njy ýyldan bäri hyzmat edip gelýän “TRT” teleradiokorporasiýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurduň taryhy we medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda iş alyp barýandygyny mälim etdi. Şeýle hem ol Türkmenistandaky “IP-TW” platformasynda “TRT” teleradiokorporasiýasynyň 8 teleýaýlymynyň ýaýlyma berilýändigini, “TRT Avaz” ýaýlymy arkaly Türkmenistan bilen baglanyşykly gündelik habarlary dünýäniň halk köpçüligine ýetirýändiklerini belläp geçdi.

Ol Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli “Merjen şäher Aşgabat” atly gysga metražly kinofilmi taýýarlandyklaryny we muňa goldaw beren hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Soňra dabarada çykyş eden Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral gatnaşyjylary Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gutlady. Ilçi türkmen-türk gatnaşyklarynyň uly ösüşlere eýedigini belläp, uzak ýyllaryň dowamynda Aşgabatda iş alyp barýan “TRT”-niň wekilhanasynyň hem Türkmenistanyň tanyşdyrylmagyna goşant goşýandygyny belledi.

Resmi çykyşlardan soňra dabara gatnaşyjylar “Merjen şäher Aşgabat” atly gysga metražly kinofilmi çykyş etdiler. Kino filmde Aşgabadyň irki döwürlerden häzirki güne çenli ýeten derejesi, şäheriň beýik ymaratlary, seýilgähleri, ýadygärlik toplumlary barada giňişleýin maglumat berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen şäheriň gün-günden gözel keşbe eýe bolýandygy, dünýäniň esasy syýasy, medeni hem-de ylmy merkezine öwrülýändigi film içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Kinofilmde merjen şäher Aşgabada ýoly düşen islendik adamy howa menziliniň golaýyndaky türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguzhanyň gujak açyp garşylaýandygyny görmek has ýakymly bolup durýandygy bellenilip geçilipdi.

“Merjen şäher Aşgabat” atly gysga metražly kinofilmiň görkeziliş dabarasyndan soňra myhmanlara hödür-kerem edildi.

 

Zidan hem tälimçiligi taşlady

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary