JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Astana ykdysady forumyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Nur-Sultan şäherinde nobatdaky XII Astana Ykdysady Forumy (AYF) geçirildi. Oňa dünýäniň 74 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdylar. Forumda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Bütindünýä bankynyň baş ykdysadçysy Pol Romer, Halkara Pul gaznasynyň direktory Kristin Lagard, Russiýanyň Sberbankynyň Prezidenti we müdiriýetiniň başlygy German Gref, Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Gruziýanyň premýer-ministri Mamuka Bahtadze we başga-da ýokary derejeli syýasatçylar, bilermenler we işewürler bileleşiginiň wekilleri çykyş etdiler.

Astana Ykdysady Forumynyň geçirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň sapary gurnaldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy AYF-yň açylyşy mynasybetli Nursultan Nazarbaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň gatnaşmagyndaky plenar mejlisine gatnaşdy.

Soňra türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümet Baştutany Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de A.Işanow Askar Maminy 31-nji maýda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistana we Azerbaýjana uglewodorod ýataklary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi

Ata Watan Eserleri