JEMGYÝET

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde geçirilen maslahat

11-nji ýanwarda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Esasy kanunymyz bolan Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Türkmenistanyň mejlisiniň gurnamagynda we ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda Konstitusiýa özgertmeler girizmek boýunça telekeçileriň teklipleri soraldy.

Esasan hem, maslahatda milli parlamentiň iki palataly ulgama geçirilmegi barada durlup geçildi we onuň aýratynlyklary hakynda degişli hukuk goraýjy edaralaryndan çagyrylan wekiller tarapyndan gürrüň berildi. Milli parlamentiň iki palataly ulgamyna geçmek barada 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Halk Maslahatynyň ikinji ýygnagynda yglan edildi. Şondan bäri hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparlary döredildi we ol topar häzirki wagtda öz işini alyp barýar.

Iki palataly parlament ulgamy dünýä döwletleriniň 50 göteriminde tejribede ulanylyp gelinýär. Muňa Russiýa Federasiýasyny, Özbegistany, Täjigistany şeýle hem birnäçe döwletleri mysal getirmek bolar. Iki palataly parlament ulgam ýokarky we aşaky palatalardan ybarat bolup, olar agza sanlary bilen tapawutlanýar. Aşaky palatanyň düzümine köplenç deputatlar degişli bolup saýlawlar esasynda saýlanýarlar, ýokarky palatanyň bolsa belli bir düzüm agzalary döwlet ýolbaşçysy tarapyndan bellenip, belli bir bölegi saýlawlar esasynda saýlanýar.

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy