DÜNÝÄ

Türkmenistana gelmek üçin Wizalary resmileşdirmek

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler.

Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem olary çagyrýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistana gelmek üçin we Türkmenistandan gitmek üçin wizalary resmileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna:

Türkmenistanyň çäklerinde – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerlerdäki degişli bölümleriniň üsti bilen;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen ýüz tutýar.

Wizalaryň berilmegi baradaky ýüztutmalara we olara goşulan resminamalara, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gelip gowşan pursatyndan başlap, adaty tertipde – 10 (on) iş gününiňgyssagly tertipde bolsa – 3 (üç) iş gününiň dowamynda garalýar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan wizalary bermek üçin çakylyklar üç aý möhlet bilen berilýär.

Wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna bellenen görnüşdäki  ýüztutmalary we olara goşulýan resminamalary hereket edýän wizalaryň möhletiniň tamamlanmagyndan öňişçi wizalary üçin bolsa tamamlanmagyna iki aý galanda berilmegi zerurdyr.

Wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltmak barada Toparyň kabul eden çözgütleri 45 günüň dowamynda ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Daşary ýurt raýaty wizanyň hereket ediş möhleti tamamlananda, wizanyň hereket ediş möhletini uzaltmak hakyndaky ýüztutma kanagatlandyrylman galdyrylanda, oňa berlen wiza ýatyrylanda we onuň ýurduň çäginde bolmaly möhleti gysgaldylanda hem-de beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhleti tamamlananda Türkmenistandan çykyp gitmäge borçlydyr.

Daşary ýurt raýatynyň pasportynda ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynda hereket edýän ýa-da ulanylmadyk wizasy bar mahaly, ol ýörite möhür arkaly bellenen tertipde ýatyrylandan soň täze wiza stikeri resmileşdirilýär. Wizanyň uzaldylmagy muňa degişli däldir. Відомий провайдер Booongo запрошує шанувальників азартних ігор вирушити в Долину царів, відкривши слот під назвою https://sunofegyptgame.com/ Гравцеві належить стати зв’язковим команди археологів і відправитися на дослідження стародавніх гробниць.

Daşary ýurt raýaty Türkmenistanda bolýan döwründe ýelmenen wiza stikeri bilen pasportyny ýitiren halatynda:

pasportyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň ýitirendigi hakynda Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna haýal etmän habar bermäge, şeýle hem bu barada Türkmenistanyň içeri işler edaralaryndan delilhatyny almaga;

özüniň raýatlygy degişli bolan ýa-da özüniň hemişelik ýaşaýan ýeri bolan döwletiniň Türkmenistandaky ýa bolmasa üçünji ýurtdaky diplomatik wekilhanasyna we konsullyk edarasyna, ýa-da şol döwletiň daşary işler ministrligine  Türkmenistanyň wizasyny bellenen tertipde resmileşdirmek üçin pasportynyň we onuň ornuny tutýan resminamasynyň berilmegi hakyndaky haýyş bilen ýüz tutmaga borçludyr.

Source : www.migration.gov.tm

Ýene-de okaň

Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça bäsleşik geçirildi

Sahiba Gafarowa täzeden Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlyklyygyna saýlandy

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä jemagat hyzmatlary kongresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Sarahs etrap bölüminiň täze binasy açyldy

Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Owganystan 39 ilçihanasynyň işini ýola goýdy