Soňky birnäçe günden bäri, tutuş dünýäde söwda ulgamynda uly arzanladyşyň geçiriljek wagtyna sanlyja gün galdy. Dünýäde “Black Friday”diýlip atlandyrylýan, Türkiýede bolsa “Super anna” diýlip atlandyrylan arzanladyş çäresi üçin bildirişler çap edilip başlandy.
Bu arzanladyş gününde kompýuter, planşet, mebel, telewizor, kosmetika önümleri, egin-eşik, aýakgap ýaly ähli ugurlarda uly arzanladyşlaryň bolmagyna garaşylýar.
Umuman, ABŞ-da “Black Friday”diýlip atlandyrylýan “Minnetdarlyk gününde” dükanlar ir säherden açylyp, giç agşamlara çenli müşderilere hyzmat edýär. ABŞ-da bu gün 27-nji noýabr güni geçiriler.
Şol gün ünýä belli “Amazon” hem-de “Alibaba” ýaly halkara derejesindäki onlaýn söwdainternet saýtlarynda hem arzanladyşlar geçiriler.
“TRENDYOLDA” ARZANLADYŞ 3 GÜN
Türkiýäniň iň uly onlaýn söwda saýtlary bolan “Trendyol”, “Hepsi Burada”, “Gitti Gidiyor” ve “N11” ýaly saýtlary hem uly arzanladyş çärelerini geçirýär.
“Trendyol Black Friday” arzanladyş günleri şu ýyl 2020-nji ýylyň 25-nji noýabry çarşenbe, 2020-nji ýylyň 26-njy noýabry penşenbe we 2020-nji ýylyň 27-nji noýabry anna güni geçiriler. “Trendyolda” ýylyň iň uly arzanladyşy 25-nji noýabrda sagat 00: 00-da başlaýar.
ARZANLADYŞYŇ AÝRATYNLYKLARY
- “Trendyol” internet saýtyndaky arzanladyşlarda harytlaryň belliklerinde ýyldyzjyklar bardyr. Iň köp ýyldyzjykly harytlaryň bahasynyň has arzandygy aýdylýar.
- “Trendyol” internet saýtynyň koşelogy bilen söwda etmek has amatlydyr.
- Bu internet saýtyndaky satyn alan harytlary öýüňize eltip bermek hyzmatynda-da ýeňillikler döredildi. Harydyň eltip berilýän döwründe öýüňizde ýok bolsaňyz, onda bu saýtyň hödürlejek teklipleri bilen has amatly ýagdaýda harytlaryňyza gowşup bilersiňiz.
- Halan harytlaryňyzy dostlaryňyz bilen paýlaşmak bilen hem söwdaňyzy has amatly ýagdaýa getirip bilersiňiz.
- Internet sahypasyndaky iň arzan harytlary saýlamak üçin belli bir kategoriýadaky iň arzan bahadaky harytlary saýlap bilersiňiz.
- Internet sahypasynyň goşundysyny alyp, harytlary aňsatlyk bilen saýlap bilersiňiz.
“BLACK FRIDAY” ARZANLADYŞY
1960-njy ýyllarda ýüze çykan ykdysady çökgünlik sebäpli köp kärhanalar dükanlaryny ýapmazlyk üçin galan önümlerini 80% arzanladyş bilen satyp başladylar. Dükanlarda galan we täze möwsüm önümlerini 1 günüň dowamynda satmak üçin uly arzanladyşlary geçirdiler. Bu arzanladyşlar bilen Amerikanyň köp dükanlarynda nobatlar emele geldi we adamlar bu arzanladyş kampaniýalaryndan peýdalanmaga howlukdylar. Soňra bu däbe öwrüldi we her ýyl noýabr aýynyň soňky anna güni “Gara anna” atly satuw kampaniýalary başlandy. Elektron söwda saýtlaryny goşmak bilen dünýädäki ähli dükanlar bu arzanladyş çärelerine uly gyzyklanma bildirdiler.
Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.