SPORT

Transfer täzelikleri…

“Barselona” topary Italiýanyň “Lasio” toparynyñ goragçysy Luize Felippe bilen gyzyklanýar, diýip “La Gazzetta dello Sport” saýty habar berýär. Kataloniýa topary 22 ýaşly Luize Felipäni tomusky transfer penjiresinde toparyñ düzümine goşmak isleýär. “Barselona” topary bu futbolçy üçin 40 million ýewro hödürleýär.

Ispaniýanyñ “Real Madrid” we “Barselona” toparlary Dawid Alaba bilen içgin gyzyklanýarlar diýip, “Goal” habar saýty habar berýär. Mýunhenliler Alabany satmak islemeýärler we Alaba üçin täze şertnama hödürlemek isleýärler. 27 ýaşly Alaba täze şertnamadan ýüz öwürse, onda Alaba “Bawariýa” toparyny terk etmeli bolar.

PSŽ we “Çelsi” toparlary Miralem Pýaniçi düzümine goşmak isleýärler. “Ýuwentus” topary Pýaniçi 2016- njy ýylyñ tomsunda “Roma” toparyndan 32 million ýewro satyn alypdy. 2019-2020-nji ýylyň möwsüminde “Ýuwentus” toparynda Miralem Pýaniç 32 oýunda 4 gezek ýardam pasyny we 3 gezek tapawutlanmagy başardy. “Ýuwentus” topary Miralem Pýaniçi 60 million ýewro satmaga razylyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri