DÜNÝÄ

Tramp Italiýa sapar üçin çakylygy kabul etdi

Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni Waşington şäherinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Şol duşuşykda Meloni Trampy Rime sapara gelmäge çagyrdy.

Duşuşykda iki ýurdy gyzyklandyrýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Biz Prezident Trampa minnetdarlyk bildirýäris. Ol biziň çakylygymyzy kabul etdi. Italiýa energiýa importuny artdyrýar we italýan kompaniýalary bu ugurda 10 milliard ýewro maýa goýarlar – diýip, Meloni belledi.

Şu gün Meloniniň Rimde ABŞ-nyň wise-prezidenti bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Related posts

Türkmenistan-Özbegistan: häzire çenli 246 ylalaşyk gazanyldy

Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň wekiliýetleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Baýden ýeňiji bolarmy: Prezident saýlawlary boýunça soňky maglumatlar

Ata Watan Eserleri