DÜNÝÄ

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Türkmenistan bilen Pakistan täze demir ýol taslamasynyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň ugry boýunça demir ýol taslamasynyň gurluşygy hem göz öňünde tutulýar. Bu barada Pakistanyň metbugaty habar berýär.

Bu taslama 2024-nji ýylyň 22-24-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň söwda-ykdysady, ylym-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Pakistana amala aşyrjak saparynda ara alnyp maslahatlaşylar.

Golaýda, Pakistanyň ykdysady meseleler boýunça ministri Kazim Niýaz pudaga duşuşygyny geçirip, onda Pakistanyň degişli ministrliklerine Türkmenistan bilen söwda hzmatdaşlygynyň ösdürilmegi boýunça täze teklipleri işläp düzmek tabşyryldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi hem çagyryldy.

Pakistan tarapy Türkmenistan bilen üstaşyr söwda şertnamasyna gol çekmegi çaltlandyrmagy maksat edinýär.

Şeýle hem bu duşuşykda söwda öýlerini döretmek, TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalaryny ilerletmek, awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek, türkmen karbamidini satyn almak, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çäklrinde Muhammad Ali Jinnahyň we Muhammad Ikbalyň heýkellerini Magtymguly Pyragy seýilgäh toplumynda dikeltmek, Türkmenistanyň milli kitaphanasynda Pakistanyň burçuny döretmek boýunça tekliplere seredildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri