JEMGYÝET

Tokaý azot bilen üpjün eder

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Pensilwanýa ştatynda işleýän ABŞ Ekologiýa guramasynyň pikirine görä, üstünden asyrlar aşan tokaýlar kökleri arkaly topragyň azota has baý bolmagyny üpjün edýärler. Şonuň üçin  hem amerikan alymlary uzak ýaşly tokaýlaryň gapdalynda ekin ýetişdirmegiň has bähbitli boljakdygyny öňe sürýärler.

Azot ― ekin ýetişdirmekde iň gerekli dökünleriň biri. Olary bolsa uzak ýaşly agaçlaryň kökleri özünde has köp ýygnap, topragyň üstki gatyna ýaýýan ekeni. Şeýlelikde, azot suw bilen birleşip, bitginli hasylyň bolmagyna şert döredýär. Alymlar muny üstünden asyr aşan tokaýlaryň iri-iri agaçlarynyň ösüntgilere baý bolmagy, olara daýanyp, beýleki ösümlikleriň hem bolluk bilen ösmegi arkaly düşündirýärler.

Şonuň üçin hem tokaýlaryň ýakynynda ekilen ekinden bol hasyla garaşyp bolar. Şeýle ekini azot bilen dökünlemek üçin goşmaça çykdajynyň gerek bolmazlygy hem ahmal. Häzir amerikaly fermerler bu teklibe çynlakaý seredýärler.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy