DÜNÝÄ

Togan Oral: Türkmenistanyň üstünligi bizi buýsandyrýar

Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 99-njy ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Togan Oral özüniň makalasyny “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyna iberen makalasynda Türkmenistanyň gazanan şol üstünlikleri halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly gyzyklanma bilen syn edýändigi belledi. 

Ilçi öz makalasynda: şu gün Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 99-njy ýyllygyny ata Watanymyz bolan Türkmenistanda uly şatlyk we buýsanç bilen belläp geçýäris. Türkiýe Respublikasynyñ esaslandyryjysy, beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygynda türk milletiniň milli garaşsyzlyk ugrunda eden göreşiniň netijesinde 1923-nji ýylyñ 29-njy oktýabrynda yglan edilen Respublika, Atatürkiň görkezen döwrebap medeniýet derejesine ýetmek baradaky tagallasyndan ugur alyp her bir pudakda ösüşlere beslenýär.

Türkiýe Respublikasy 1923-nji ýylda döwrebap milli döwlet hökmünde döredilen wagty garaşsyzlyk ugrunda göreşýän sustupes halklar üçin hem umyt boldy. Häzirki wagtda bolsa amala aşyran taryhy özgertmeleri, şeýle hem globallaşmak we döwrebaplaşmak ugrunda ädýän ynamly ädimleri bilen sebitde we dünýäde beýleki döwletler üçin ylham çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Adam hukuklaryna we azatlygyna hormat goýýan dünýewi, demokratik we jemgyýetçilik hukuk döwleti hökmünde Türkiýe dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy bolup durýar. Alyp barýan başlangyç we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatynyň netijesinde BMG-nyñ we Ýewropa Geňeşiniñ esaslandyryjylarynyň biri, NATO we ÝHHG-nyň esasy agzalarynyň biri, Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna dalaşgär, Türki dilli döwletleri birleşdiren Türki Döwletleriň Guramasynyñ binagäri we başgada birnäçe sebitleýin guramalaryň bir bölegi bolup durýar.

Türkiýe 99 ýylyň dowamynda durmuşa geçiren özgertmeleri we soňky 20 ýylda ýeten ägirt uly sepgitleri netijesinde häzirki wagtda ykdysady taýdan dünýäde iň çalt depginlerde ösýän döwletleriñ hatarynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. 2021-nji ýylda ösüş depgini 11,4 göterime barabar bolan, ýagny jemi içerki milli önümçiligi 800 milliard ABŞ dollary geçen Türkiýe dünýäniñ ykdysady taýdan ösen 21-nji ýurdyna öwrüldi. Bütün dünýä bilen bütünleşen Türkiýe 2021-nji ýylda 14,2 milliard dollara barabar bolan gönüden-göni halkara maýa goýumlary özüne çekdi we ösüş depgini 81 göterime deñ boldy. 2021-nji ýylda ýurdyň eksporty 32,85 göterim ýokarlanyp, 225 milliard dollara, daşary söwda dolanyşygy bolsa 27,64 göterim artdy we 497 milliard dollara barabar boldy. Türkiýe gurluşyk, elektroniki enjamlar, hojalyk harytlaryñ senagaty, awiasiýa, syýahatçylyk ýaly däbe öwrülen bäsdeşlik edýän pudaklaryndan başga-da häzirki wagtda goranmak senagaty pudagynda öz önümlerini dizaýn edýän, ösdürýän, öndürýän we eksport edýän tehnologiki we senagat derejesine ýeten dünýäniñ öňde baryjy ýurtlardan biridir. Şanly Respublika baýramymyz mynasybetli bu gün elektrik togy bilen ışleýän ýurdumyzyň ilkinji ýerli we milli awtoulagy bolan TOGG-yñ önümçiligine başladyk” diýip belleýär.

Şeýle hem ilçi Türkiýäniň halkara syýasatda gazananlary barada durup geçip, bu barada: “Türkiýe halkara syýasatyndaky şeyle hem ykdysady pudagyndaky gazanan başarnyklaryny ılkinji nobatda türk halkynyň tutanýerliligine we tagallasyna borçlydyr. Dünýäniñ ähli künjeginde türkler ylmy, sport, jemgyýetçilik we medeni ugurlarda adamzada goşant goşmaga çalyşýarlar. Covid-19 pandemiýasyna garşy Ýewropada ilkinji tassyklanan Biontech sanjymyny oýlap tapan alymlarymyz Ugur Şahin we Özlem Türeji, 2015-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan Aziz Sanjar, geçen ýyl Ýewropa çempionatynda ıkinji oruna eýe bolan “Fileniñ Soltanlar” atly milli zenan woleýbol ýygyndymyz, soňky ýyllarda edebiýat boýunça Nobel baýragyna, Kann Film Festiwalynda iň ökde režissyor baýragy ýaly köp sanly baýraga mynasyp bolmagy bolsa türk halkynyň bütin dünýäde haýran galdyryjy ukyp-başarnygynyñ subutnamasydyr” diýip belleýär.

Ilçi öz makalasynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlaryna hem aýratyn üns beripdi.

Bu babatda şeýle diýilýär:

– Türkmenistany öz Ata Watany hökmünde görýän türk halky, garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri diplomatlary, işewürleri, mugallymlary, inženerleri, işçileri, medeniyet işgärleri we alymlary türkmen doganlary bilen el-ele, egin-egne berip zähmet çekdiler.

Şol döwürde Türkmenistan, Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşlere beslenip ägirt uly tebigy serişdeleri we türkmen halkynyň zähmetsöýerligi bilen dünýäde ıñ çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriň birine öwrüldi. Garaşsyzlygynyň 31-nji ýylynda bütin dünýä nusgalyk bolan şäherleri, ýollary, howa menzilleri, zawodlary, mekdepleri we hassahanalary bilen döwrebap ýurtlaryñ biri boldy. Bu özgerişleriñ çäklerinde ähli ugurlarda esasan hem ykdysadyýet, gurluşyk, söwda, dokma, oba hojalyk, saglygy goraýyş we bilim pudagynda durmuşa geçirlen uly üstünliklere we maýa goýumlara Türkiýe döwletiniň we türk halkynyñ goşan goşandy bizi örän buýsandyrýar. Aşgabatda wezipäme girişen wagtym binagärliginde türkleriñ hem zähmet azaby bolan bu ajaýyp şäheriň häzirki wagtda hem ösüp-özgerýändigini uly şatlyk bilen synlaýaryn. Hormatly Prezident, onuñ Alyhezreti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ähli pudaklarda gülläp ösmegine we özgermegine dowam edýändigine hut özümiñ şaýat bolmagym meni diýseñ begendirýär, dün boluşy ýaly şu günem ertir hem bu ösüşlere ähli tagallalarymyzy gaýgyrmajakdygymyzy bellemek isleýärin.

Türkmenistanyň gazanan şol üstünlikleri halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly gyzyklanma bilen syn edilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyñ çäklerinde Türkmenistan, alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty netijesinde sebitde we dünýäde durnuklylygy gorap saklamaga goşant goşýan möhüm döwlet bolup çykyş edýär. Ýewraziýanyň merkezinde we taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistan, ulag pudagyndaky eýeleýän möhüm ornuny häzirki wagtda has zerur bolan sebitiň bähbidine gönükdirýär. Beýleki tarapdan, ýakynda geçirlen OGT maslahatyna gatnaşan energiýa pudagynyň ýolbaşçylarynyň hem belleýşi ýaly, Türkmenistan baý ýerasty baýlyklary bilen  nebit we gaz üpjün edýän ygtybarly ýurtdygyny subut etdi. Türkmenistan, Hytaý, Russiýa we Eýran bilen bar bolan turbageçirijiler bilen bir hatarda TOPH we esasanam Türkiýäniñ goldaýan Hazar geçelgesiniň gurulmagy bilen dünýäniň öňdebaryjy energiýa ägirtleriniň birine öwrüler. Hormatly Prezidentiň parasatly baştutanlygy netijesinde energiýa we ulag pudagynda möhüm başlangyçlaryñ durmuşa geçirilmegi sebitleýin we global hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrmagyna kömek eder.

TÜRKMENISTANYŇ ÜSTÜNLIGI BIZI BUÝSANDYRÝAR

Türkmenistanyň üstünligi Türkiýe üçin hem buýsançly ýagdaýdyr. Doganlyk türk we türkmen halklarynyň taryhynyň, medeniýetiniň, diliniň we dininiň umumylygy Türkmenistan bilen Türkiýäni birek-birege berk baglanyşdyrýar. Bu nukdaýnazardan ugur alyp Türkiýe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny resmi taýdan ılkınjı bolup ykrar eden hem-de ýurtda diplomatik wekilhanasyny ilkinji bolup açan döwlet bolup durýar. Şeyle hem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ilkinji bolup goldan ýurtlaryñ hatarynda bolan Türkiýe, Türkmenistanyň işjeň Bitaraplyk syýasatyny hem doly goldaýar. Türkiýe we Türkmenistan ýurtlary halkara we sebitleyin guramalaryñ, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyñ çäklerinde dünýäde parahatçylygyň we durnuklulygyň ýola goýulmagy ugrunda nusgalyk hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Umumy bähbitlerden daşary yürekdeş bag bilen baglanan Türkmenistan bilen birek-birege hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyz syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik we goranmak pudaklarynda ösdürilýär. Geçen ýylda ýokary derejeli amala aşyrlan ikitaraplaýyn saparlarymyz we Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde girmegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň noýabr aýynda Prezident hökmünde Türkiýede saparda boldy we munyň yzy ýany bolsa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem Aşgabada sapar bilen geldi. Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdayewyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherinde 1-nji iyulda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Köp ugurlarda, esasanam söwda, maýa goýumlar, energetika, oba hojalyk, goranyş senagaty, bilim we medeniýet ugurlarynda gol çekilen hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän 72 maddalyk Teswirnamanyň oňyn netijelerini häzirki günde görkezip başlandygyny uly şatlyk bilen bellemek isleýärin.

YKDYSADY GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR

Özara gatnaşyklardaky bu öňegidişligiň iň anyk görkezijilerinden biri hem söwda we ykdysady pudaklaryndaky hyzmatdaşlygymyzdyr. Türkiýe, Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolmagynda galýar. Pandemiýa garamazdan, 2021-nji ýylda Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 41 göterim artyp, ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna deň boldy. 2022-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda haryt dolanyşygy 1 milliard 330 million dollara barabar boldy. Biz hem öz gezegimizde, özara haryt dolanyşygyň möçberini 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmek bilen bagly iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan öňde goýlan maksada ýetmek üçin  tagallalar edýäris.

Beýleki tarapdan, dünýäde uly abraya eýe bolan kompaniýalarymyz Türkmenistanda şu wagta çenli 50 milliard dollarlyk 1065 taslama amala aşyrdy. Mundan başga-da, türk kompaniýalary energiýa, dokma we gurluşyk ýaly köp ugurda üstünlikli iş alyp barýarlar we Türk-Türkmen banky hem yurdyň bank pudagyna saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentiň  baştutanlygynda öňümizdäki ýyllarda bar bolan söwda we maýa goýumlaryň geriminiň giňelip, türkmen hususy pudagy we türk telekeçileriniň möhüm bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirjekdigine ynanýaryn we bu başlangyçlary tüýs ýürekden goldaýaryn.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hem bilim ugryndaky hyzmatdaşlygymyzdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazananyndan bäri yurtda hereket edyän bilim edaralarymyz we Türkiýäniñ talyp hakly maksatnamasy bilen Türkmenistanly ýaşlaryň gowy bilim almaklary üçin tagallalar edýäris. 1992-nji ýyldan bäri umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-türk orta mekdebimiziñ (OTTO) iki ýurduň hormatly ilçileri hökmünde ýetişdiren ýaşlaryna buýsanýarys. Mundan başga-da Türkmenistanyň bilim edaralaryny tamamlan, ýokary bilimine Türkiýede dowam etdirmek isleýän türkmen talyplar iki ýurt üçin hem uly buýsanç bolup durýar. Şunda 1992-nji ýyldan bäri türkmen talyplarynyň 5 müňden gowragyna bilim beren «Türkiye Bursları» talyp hakly maksatnamasy möhüm oruna eýedir.

Çuňňur berk binýatlara esaslanýan türkmen we türk doganlyk gatnaşyklaryň bilelikde ýetişdirilýän ýaş neslimiz tarapyndan hasam pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

 Pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň 99-njy ýyllygy we diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyñ 30-njy ýyllygy mynasybetli doganlyk halklarymyza, dünýä nusgalyk garaşsyz, abadan we bilelikde bagtly geljek arzuw edýärin.

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi