BIZNES

TNGIZT: daşarky bazara 1,3 mln tonna töweregi önüm iberildi

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2023-nji ýylda sarp edijilere 4 mln 053,8 müň tonna nebit önümlerini iberdi.

Içerki sarp edijilere bolşy ýaly, daşarky bazara taýýar önümiň bökdençsiz iberilmeginde TNGIZT-niň nebit önümlerini saklamak we ýüklemek boýunça “Kenar” kärhanasyna aýratyn orun degişlidir. Geçen ýylda “Kenar” kärhanasynda sarp edijilere 4 million 53 müň 846 tonna taýýar önüm ýüklenildi, şolardan 2 million 760 müň tonna taýýar önüm içerki sarp edijilere iberildi. Daşarky bazara 1,3 mln tonna töweregi önüm iberildi.

TNGIZT-e turba geçirijiler we deňiz arkaly ýetirilýän nebit çig malyndan awtomobil benziniň dürli markalary, awiasion we tehniki kerosin, dizel ýangyjy, mazut, motor ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy we nebit we nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.

Taýýar nebit önümlerinden ýüklenen gämiler we otly wagonlary deňiz we demir ýollary arkaly dünýä ýurtlaryna, şol sanda, Gruziýa, Malta, Azerbaýjana, Owganystana, Özbegistana, Täjigistana iberilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder