JEMGYÝET

TMCELL: agzybirlikde ilat ýazuwyna gatnaşalyň!

Şu gün “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan özüniň müşderilerine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýaýradan maglumatnamasyny ýetirdi.

Onda hususanda şeýle diýilýär:

* Hormatly ildeşler! Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady döretmek maksady bilen, şu ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda “Ilat ýazuwy-2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek!” şygar bilen Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Agzybirlikde ilat ýazuwyna gatnaşalyň, öz geljegimizi bilelikde kesgitläliň!.

Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy meýilleşdirilen çäre bolup, ilatyň demografik düzümi, türkmenistanlylaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy, ýurtda ýaşaýan ilatyň milli düzümi, olaryň sany we beýlekiler barada takyk statistik maglumatlary ýygnamaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Statistika baradaky döwlet komiteti ýazuwyň dowamynda alnan maglumatlaryň ählisini işläp geçer, dürli görkezijileriň arasyndaky özara baglanyşyklarydyr kanunalaýyklyklary ýüze çykarar, wakalaryň depginini jikme-jik öwrener. Alnan maglumatlar esasynda amala aşyryljak ylmy çaklamalar geljekde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda pudak edaralarynyň işini has netijeli meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär