SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

2022-nji ýylyň 27-nji maýda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň beren maglumatyna görä, bu kompaniýa Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnaw amala aşyrar.

Mundan ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy maý aýynda birnäçe ýörite halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrdy. Kompaniýa 16-njy maýda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul, 11-nji maýda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

Şeýle hem bu kompaniýa 1-nji maýda hem Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawyny ýerine ýetiripdi.

Yzygiderli size ýetirýän habarlarymyzdan hem görnüşi ýaly, soňky döwürde halkara uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar.

Soňky wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň ýörite uçar gatnawlarynyň sany köpelýär.

Öň habar berşimiz ýaly, dünýäde Kowid-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, BAE hem-de Germaniýanyň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede 1 gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

 

Türkmenistanda goÅŸa toý – goÅŸa baýramçylyk

 

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler