JEMGYÝET

“THY”: maý aýyndaky meýilnamasynda Aşgabat hem bar

Türkiýe Respublikasynyň “Türk Howaýollary” awiasiýa edarasy maý aýy üçin uçuş meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şol beýanatda uçuş meýilnamasyna laýyklykda, uçuş tertibi 2021-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli bir hepdede amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän uçuşlaryň iň köp sanyny görkezýär. Uçuş tertibine üýtgemeler amaly sebäplere görä girizilip bilner.

Awiakompaniýanyň maglumatlaryna laýyklykda, maý aýyndaky uçuş tertibinde Aşgabat ugry hem bar. Internet sahypasyndaky maglumatda 7 gezek uçuşyň göz öňünde tutulýandygy bellenilýär. Bellemeli zat, THY-nyň resmi saýtynda öňem birnäçe gezek şeýle mazmunly maglumat ýerleşdirilendigine garamazdan uçuşlar amala aşyrylmady.

Bu döwürde uçuş tertibini meýilleşdirmegiň nähili kyndygy göz öňünde tutulyp, syýahat mümkinçilikleri barada käbir meýilnamalar taýýarlanýar. 2020-nji ýylyň 21-nji martyndan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda biletler babatda çäksiz üýtgeşmeler girizip bolar. Bu sahypadan yzygiderli maglumat alyp bilersiňiz.

 

Türkmenabatdan Russiýa 11-nji ýörite uçar gatnawy

 

 

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri