SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap Aşgabat şäherine adaty uçar gatnawlara başlaýar. Bu barada kompaniýanyň Aşgabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna gelip gowşan täze maglumata görä, THY 2022-nji ýylyň 7-nji dekabryndan başlap hepdede 2 gezek Stambul-Aşgabat ugruna adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar.

Uçuşlar hepdäniň, çarşenbe we  şenbe günleri Stambuldan Aşgabat şäherine, perşenbe we ýegşenbe günleri Aşgabat –Stambul ugruna amala aşyrlar. Dekabr aýynyň ahyryna çenli öz güýjini saklaýan uçuş rejesine görä, Stambul-Aşgabat uçar gatnawlary aşakdaky ýaly amala aşyrylar.

Stambul –Aşgabat-Stambul : hepdaniň çarşenbe we şenbe  günleri ýerli sagat bilen 21:10-de Stambuldan uçýar we ertesi gün gije sagat 02:55-de Aşgabat  şäherine gonýar.Bu uçar yzyna irden 03:45-de Aşgabatdan uçýar we ir bilen 05:55-de Stambula gonýar.

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy Türkmenbaşy ugruna uçmaga hem dowam edýär. Bu uçar gatnawlary bolsa, hepdäniň duşenbe we anna günleri amala aşyrylar. Uçuş Stambul şäherinden ýerli wagt bilen 11:00-de uçýar we Türkmenbaşy şäherine 15:55-de gonýar. Yzyna bolsa,  17:25-de uçýar we Stambul şäherine ýerli wagt bilen 21:50-de gonýar.

Türkiýe –Türkmenistan ugruna hepdede 8 adaty uçar gatnawy

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan awiakompaniýasy hem üstümizdaki ýylyň oktýabr aýyndan başlap Türkmenistan-Türkiýe ugruna adaty uçar gatnawlaryna başlady. Bu awiakompaniýa hem Stambul ugruna hepdede 4 gezek adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Şeýlelikde, Türkmenistan-Türkiýe hepdede 8 gezek adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar.

Aşgabat –Stambul ugruna hepdäniň duşenbe, çarşenbe, Perşembe we şenbe günleri amala aşyrylar. Bu uçar gatnawlary yzyna bolsa, hepdäniň ýokaryda bellenen günlerinde Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça ýerine ýetiriler.

Türkiýe gitmek üçin wiza?

Türkiýe gitmek üçin wiza düzgüniniň girizilen döwründen bäri Türkmenistan raýatlarynyň ýüzlerçesi gelmek isleýän maksatlaryna laýyk wiza alyp Türkiýä gelip gidýärler. Şeýle hem, öň Türkiýede kanuna laýyk bolýan, ýagny wagtlaýyn ýaşamak üçin ýa-da zähmet çekmek üçin rugsatnamasy bolan raýatlarymyz Türkmenistana giden wagty, gaýtadan Türkiýe gelmek üçin wiza almazdan gelip bilýärler.

Öň hem habar berişimiz ýaly, transit geçýän raýatlarymyz hem bellenen ýagdaýda wiza almazdan Türkiýäniň üsti bilen beýleki ýurtlara gidip bilýärler.

Wiza almak we bular bilen baglanşykly gas giňişleýin maglumatlary saýtymyzdan we You Tube kanalymyzdan tapyp bilersiňiz. Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän Makul Hyzmat Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigňizi ýatlatmak isleýäris.

Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy