DÜNÝÄ

THY aprel aýy üçin uçuş meýilnamasyny yglan etdi

Türkiýe Respublikasynyň “Türk Howaýollary” awiasiýa edarasy  aprel aýy üçin uçuş meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şol beýanatda uçuş meýilnamasyna laýyklykda, ýolagçylaryň saglyk we howpsuzlyk boýunça ähli düzgünler berk berjaý edilip, 226 ugur babatda  gatnadylýandygy habar berildi. Milli we halkara saglygy goraýyş edaralary bilen içgin alyp barýan işleriň netijesinde, saglygy goraýyş ülňüleri berjaý edilip, gatnawlaryň amala aşyrylmagyny ýola goýmak babatda tagalla edilýändigi bellenilip geçilýär. Awiakompaniýanyň uçuş meýilnamasynda Türkmenistana gatnawlar hem göz öňünde tutulypdyr.

Bu döwürde meýilleşdirmegiň nähili kyndygy göz öňünde tutulyp, syýahat mümkinçilikleri barada käbir meýilnamalar taýýarlanýar. 2020-nji ýylyň 21-nji martyndan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda biletler babatda çäksiz üýtgeşmeler girizip bolar. Bu sahypadan yzygiderli maglumat alyp bilersiňiz.

Türkiýäniň Prezidentinden milli Liderimize gutlag

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy