MEDENIÝET

“The Flaming Lips”-den ýörite konsert

ABŞ-nyň meşhur “The Flaming Lips” aýdym-saz topary täze albomy boýunça geçiren ilkinji konserti hemmeleri geň galdyrdy. Olar konserti ýasama şarjagazlarda berdiler. Topar 11-nji sentýabrda 6-njy albomyny çykardy. 13-nji oktýabrda bolsa gyzykly hem-de geň galdyryjy konsertini gurnady. bu konsert häzirki pandemiýa döwründe özboluşlylygy bilen haýran galdyrdy.

Topar öňem meşhur komediýaçy Jimmi Fallonyň görkezilişinde şuňa meňzeş çykyş edipdiler. Koýn we topar bu düşünjäni ilkinji gezek maý aýynda “Stiwen Kolbert bilen agşamlyk şou” sapary wagtynda durmuşa geçiripdiler. Habarlara görä, toparyň agzasy Ueýn Koýn bu konsertde müňlerçe adamy kabul etmek üçin döredilendigini aýtdy.

“Kosmos köpürjikleri” köpden bäri “Flaming Lips” sahna görkezişleriniň bir bölegi bolupdy. Topar Hytaýdan ýörite 100 şarjagaz sargyt etdi we bu üýtgeşik aýdym-saz çäresi boldy.

CNN telekanalyna beren interwýusynda “Maý aýyndan bäri göni ýaýlymda aýdym-saz görmek islegi hasam artdy” – diýip Koýn belläp geçdi. “Flaming Lips” -iň şu günlerdäki konsertlerinde plastik şarjagazlar synag edilýär.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov