MEDENIÝET

Teýlor Swift bäşinji gezek rekord goýdy

Rekordlardan doýmaýan dünýäniň ýene bir rekordy täzelendi. Nobatdaky rekord aýdym-saz sungaty, has takygy, dünýä belli aýdymçy Teýlor Swift bilen bagly.

«Billboard» habaralar agentliginiň «Nielsen» analitika kompaniýasynyň maglumatlaryna esaslanyp berýän habaryna görä, aýdymçy zenan aýdym-saz toplumlaryny satmak boýunça bäşinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň rekordyny täzeledi.

Maglumatda hem görkezilişi ýaly, onuň «Folklore» atly täze toplumy geçen ýylyň 24-nji iýulyndan 31-nji dekabryna çenli 1 million 276 müň nusgada satyldy.

Şeýlelikde, täze toplum aýdymçynyň 1 million nusgadan hem köp satylan bassyr bäşinji toplumy boldy. Mundan ozal onuň «Lover», «Reputation», «1989» we «Fearless» atly dört toplumy satuw boýunça şu sepgide ýetip bilipdi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar