TEHNOLOGIÝA

“Tetris” oýnunyň soňuna çykmagy başardy

Köplere tanyş bolan “Tetris” oýnunyň soňuna ýetmek şu wagtda çenli hiçkime başartmady. Oňa başaran eýeke-täk adam ABŞ-nyň raýaty 13 ýaşyndaky mekdep okuwçysy Uillis Gibson boldy.

Ol 1988-nji ýylda çykan ilkinji “Tetris” oýnunyň ähli derejelerini geçmegi başardy. Şeýlelikde, mekdep okuwçysy bu üstünlige ýeten ilkinji adamdyr.

Özboluşly üstünligini merhum kakasy Adam Gibsona bagyşlady.

“Indi huşumy ýitirerin. Barmaklarymy duýup bilemok, ellerimi duýup bilemok “-diýip, 13 ýaşly mekdep okuwçysy belläp geçdi.

“Tetris” kompýuter oýny 1984-nji ýylda sowet programmaçysy Alekseý Pažitnow tarapyndan oýlanyp tapyldy.

 

Ýene-de okaň

“Ericsson”: 6G ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa ornaşdyrylar

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

“Nissan”, “Honda” we “Mitsubishi” birleşýär

Hytaýda 5G ulanjylaryň sany 1 milliarddan geçdi

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty