Şu ýylyň 1-7-nji maýy aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Terhi Hakala ýurdumyzda saparda boldy. Hanym Terhi Hakala saparynyň netijeleri barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynda metbugat brifingini geçirdi.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşmagynda geçirilen brifingde ÝB-niň ýörite wekili Terhi Hakala Türkmenistana amala aşyran saparyndan gaty hoşal bolandygyny belledi. Ol saparynyň netijeleri barada beren gysgaça beýanatynda şeýle diýdi.
– Türkmenistana ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hökmünde ikinji gezek gelýärin. Ozal, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen halkara maslahata gatnaşypdym. Bu gezekki saparymyň çäklerinde köp sanly gepleşikleri geçirdim. Şeýle hem saparymyň möhletiniň birnäçe gün dowam edendigi üçin medeni maksatnamalar hem göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň ajaýyplyklary bilen hem tanyşmaga mümkinçilik aldym.
Bu saparymyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz we oba hojalyk meseleleri boýunça orunbasarlary Şahym Abdrahmanow hem-de Esenmyrat Orazgeldiýew bilen duşuşdym.
Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça, hususan-da, energetika, söwda-ykdysady, howpsuzlyk, parlamentara gatnaşyklar, kanunçylyk, ylym-bilim, ekologiýa, “ýaşyl ykdysadyýet” we beýleki medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk.
Türkmenistanda amala aşyrýan taslamalarymyz barada maslahatlaşmalar boldy. Ylym-bilim ulgamynda hem dürli çäreler göz öňünde tutulýar. Türkmen ýaşlarynyň Ýewropanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp haklary bilen bilim almagy üçin dürli maksatnamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys.
Türkmenistan bilen dürli komitetler derejesindäki gatnaşyklary hem işjeňleşdirýäris. “Ýewropa Bileleşigi-Türkmenistan” bilelikdäki komiteti, şol sanda “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogy boýunça hyzmatdaşlyk edilýär.
Bilşiňiz ýaly, men wezipe mandatym boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bolandygym üçin sebit meseleleri boýunça, hususan-da, suw we ekologiýa babatda pikir alyşmalar boldy. 2019-njy ýylda tassyklanan ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda hem öz tarapymyzdan degişli tagallalar edilýär.
Türkmenistan we tutuş Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşiginiň strategik hyzmatdaşydyr. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalar göz öňünde tutulýar. Pandemiýa şertlerinde ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda päsgelçilikler dörän hem bolsa, mundan beýläk işleriň has-da işjeňleşdirilmegi ugrunda degişli işler alnyp barlar.
ÝB-niň ýörite wekili Terhi Hakala saparynyň netijeleri boýunça beren gysgaça synyndan soňra metbugat brifingi sowal-jogap görnüşinde dowam etdi. Terhi Hakala ÝB bilen Merkezi Aziýa hem-de Türkmenistan bilen gatnaşyklar barada berlen sowallara uly höwes bilen jogap berdi.
Türkmenistan: halkara uçar gatnawlary bölekleýin açylar