SIZDEN GELENLER

Terbiýeçilik we kämillik

Bilşimiz ýaly halkymyzyñ baý terbiýeçilik ulgamy bar. Ata-babalarymyzyñ, ene-mamalarymyzyñ perzet terbiýelemek, olary il halar, watansöýüji, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemek ýaly asylly ýörelgeri milli terbiýeçiligiñ özenini düzýär. Köp asyrlyk taryhy we ajaýyp däleri bilen tapawutlanýan türkmeniñ terbiýe mekdebi şahsyýet derejesinde kemala gelen nesillerimiziñ ykbalynda aýdyñ görünýär.

Merdana milletimiziñ terbiýe meselesinde toplan tejribesi umumy ähmiýetli, köp taraply, hil we mazmun taýdan ýokary derejeli, netijeli häsiýetli we millli öwüşginlidir. Ol hemme taraplaýyn sazlaşykly ösýän türkmen perzendiniñ hakyky manysynda edepli, belent ruhly, giñ dünýägaraýyşly, hatly-sowatly we kärli-hünäli kemala gelmegine şert döredýär.

Enelerimiziñ hüwdüsi, atalarymyzyñ pähmi, tälim beren ussatlaryñ sapaklary arkaly baý terbiýe ulgamynda ýetişen ogul-gyzlar bolsa il halka, ata ýurda wepaly ynsanlar hökmünde ajaýyp işleri amal etmegiñ hötdesinden gelýär. Olara  milli edep kadalary hatarynda gahrymançylyk, merdanalyk, maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik ýaly häsiýetler hem öwredilýär. Bu türkmeniñ terbiýe bermek sungatynyñ örän köp ugurlydygyny, inçedigini, şeýlede jebisligini alamatlandyrýar.

Türkmeniñ ruhy we maddy gymmatlyklary, durmuş ýörelgesi hem öwüt arkaly, görelde mysally berlen terbiýe bilen sazlaşyp şahsyýetiñ has kämil hem asylzada nesil bolup ýetişmegine iterýär.

Eýýamlaryñ tejribesi, türkmeniñ döwletlilik ýörelgesi arkaly häzirki ajaýyp durmuşumyzda hem milli terbiýeçilik ulgamyna aýratyn ähmiýet berilmegi diýseñ buýsançlydyr. Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimize berilýän terbiýäniñ, sowat öwretmek işi bilen utgaşykly alnyp barylmagy bilim-terbiýeçilik işiniñ esaslaryny düzýär. Körpe nesillere döwrüñ ruhunda bilim berilmegi we olaryñ sagdyn kadalarda, milli häsiýetde ösdürlmegi zamanamyza mynasyp ýaşlaryñ täze nesliniñ ýetişýändigini, geljege has ynamly garamaga esas bolýandygyny alamatlandyrýar.

Maşgala mekdebi bilen bir hatarda bilim ojaklarynda alnyp barylýan okuw terbiýeçilik, usulyýet guramaçylyk ugurly işlerde bolsa edebi miraslarymyz, döwrebap serişdelerimiz giñden peýdalanylýar. Esasan hem bu babatda Gahryman Arkadagymyzyñ gymmatly eserleri baş gollanma-ýol ýörelge hökmünde peýdalanylýar.

Taryhy ösüşleriñ eýýamynda añ- akyl, beden- ruh taýdan sagdyn nesilleriñ kemala getirilmegi, sowat öwredilip, mynasyp terbiýelenmegi ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, durmuş mekdebi bileb nusga bolýan Gahryman Arkadagymyza halkymyzyñ alkyşlary we senaly arzuwlary soñlanmazdyr.

Dursungözel Çaryýewa,

Murgap etrabyndaky 4-nji çagalat bakja-bagynyñ terbiýeçisi.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady