Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak döwletimiziň baş wezipesi bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şolaryň biri-de temmäki önümleri bolan nasa we çilime garşy göreş çäresidir.
Her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni hökmünde bellenilip geçilmegi tötänden däldir. Temmäki tüssesi öýkene, dem alyş ýollaryna, ýürege, gan-damar ulgamyna zeper ýetirýär. Çilimiň köp çekilmegi demgysma keseline, täze döremelere getirmek ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Temmäkiniň düzüminde nikotin, uglerodyň okisi, sinil kislotasy, uglekisliý gaz, organiki kislotalar bolmak bilen, olar çilim çekýänleriň saglygy üçin juda howpludyr. Bilermenleriň nikotine nerw zäheri diýmeklerinde düýpli many bar.
Bütindünýä temmäkisiz güni dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni temmäkiniň ölüm howply netijelerine we temmäkini ulanmagy azaltmak boýunça netijeli syýasaty alyp barmaga çekmek maksady bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan 1988-nji ýylda döredildi.
Eziz Diýarymyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde 2000-nji ýyldan başlap, temmäki önümlerini wagyz etmek gadagan edildi, döwletiň bu ýörelgesi, şeýle hem temmäki önümleriniň söwdasynyň we hemaýatkärlik edilmeginiň gadagan edilmegi beýleki ýurtlar üçin nusga alarlyk hökmünde BSGG agza döwletleri tarapyndan ykrar edildi.
Temmäki önümlerinden azat bolmak ynsan bedeninde sagaldyjy üýtgeşmeleriň başlamagyna sebäp bolýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, temmäkisiz geçen ilkinji 20 minutda gan basyşy kadaly ýagdaýa düşýär, ýüregiň işi dikelýär, bedeniň gan üpjünçiligi gowulanýar. Temmäkisiz sekiz sagat geçensoň gandaky kislorodyň mukdary kadaly ýagdaýa gelýär, iki günden soňra tagam, ys duýujylyk dikelýär, bir hepdeden soňra bolsa bedeniň we ýüzüň reňki durlanýar. Ýaramaz endiklerden daşda durmak ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda ýönekeý we netijeli göreş ýoludyr. Maglumatlara görä, temmäki ulanmaýan adamyň ýürek-damar keselleri bilen kesellemek ähtimallygy temmäkiçi adama garanyňda 50 göterim pesdir.
Temmäki önümlerinden ýüz öwürmek we olaryň garşysyna göreşmek her bir adamyň durmuşyny özgertmäge, saglygyny dikeltmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga atarýan aýdyň ýoldur. Ýurdumyzda temmäki önümlerine garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda alnyp barylýan işler hem guwandyryjy netijelere beslenýär.
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ösüp gelýän ýaş nesiller bilen zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri hakynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Ýaramaz endikleriň öňüni almak häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm durmuş meseleleriniň biridir.Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekleri, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, anyklaýyş merkezleriniň gurulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan «Döwlet adam üçindir!» ýörelgesiniň binýadydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Ýurdumyzda hem çilimiň, nasyň ynsan saglygyna zyýanlydygy baradaky wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Goý, türkmen halkynyň sagdyn durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Akgül Hydyrowa,
I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
Ýokanç keselleri we epidemiologiýa dersiniň mugallymy.