Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini, dürli ulgamlaryny, şol sanda ylym-bilim ulgamyny sanly ulgama geçirmek we onuň binýadyny ösdürmek barada aýratyn tabşyryklary berýär. Ýurdumyzy döwrebap ösdürmek bilen bagly häli-şindi ulanylýan bu adalga ― «sanly ulgam», aslynda näme diýmegi aňladýar?!
«Sanly» diýen söz kompýuter bilen bagly ýüze çykan düşünjedir. Maglumatlary sanlaşdyrmak maglumaty kompýuterleşdirmegi aňladýar. Bu düşünje kompýuteriň maglumatlary sanlar(sifrler) arkaly kodlap ýadynda saklaýandygy bilen baglydyr. Islendik maglumat kompýuteriň aňynda san arkaly kodlanýar, ýagny san arkaly aňladylýar. Şundan ugur alyp, sanly ulgam maglumatlaryň kompýuterleşdirilmegini, kompýuterler esasynda dolandyrylmagyny aňladýar. Şeýle dolandyryş elýeterligi, amatlydygy, wagt tygşytlaýandygy sebäpli dünýä döwletleri tarapyndan dürli ulgamlara yzygiderli ornaşdyrylýar. Ol jemgyýetden kompýuter sowatlylygyny talap edýär.
2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde ilkinji milli emeli hemra «TürkmenÄlem 52°E» Älem giňişligine çykaryldy. Onuň işi ähli ulgamlaryň ylmy-amaly, kommunikasion-aragatnaşyk mümkinçiliklerini görnetin artdyrdy. Olaryň hatarynda saglygy goraýyş ulgamynda uzak aralykdan aragatnaşyk ýola goýulýar. Türkmen emeli hemrasynyň şu ugurdaky ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiz: «Teleokuwlary we telelukmançylyk aragatnaşygyny, nebiti we gaz geçiriji desgalara tehniki gözegçiligi, maglumat geçirijiligi talabalaýyk ýola goýmaga giň mümkinçilik berer» diýip belleýär.
Telelukmançylyk näme?
Telelukmançylyk aragatnaşyk tehnologiýalaryň gazanan ösüşlerini saglygy goraýyş ulgamynda peýdalanmakdyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemesine görä, «Telelukmançylyk bütindünýä saglygy goraýşy ösdürmek: köpçülikleýin ýaýraýan kesellere gözegçilik etmek, lukmançylyk bilimini, dolandyryş we barlag işini çuňlaşdyrmak maksadyna eýerýän toplumlaýyn düşünje bolup, ulgam, hyzmat we saglygy goraýyş üçin informasion hem-de telekommunikasion tehnologiýalar arkaly uzak aralykdan lukmançylyk maglumatlarynyň alyş-çalşygydyr».
Döwrebap lukmançylygyň bu ugruna amerikan telelukmançylyk assosiasiýasy bolsa şeýle kesgitleme berýär: «Telelukmançylygyň predmeti biri-birinden uzak ýerlerde ýerleşen lukmanlaryň hem-de hassalaryň arasyndaky özara lukmançylyk maglumatlarynyň alyş-çalşygyndan emele gelýär. Telelukmançylyk öz ösüşinde hassahanalaryň, lukmanlaryň we ýörite hünärmenleriň arasyndaky aragatnaşygy ýola goýmak üçin telekommunikasiýadan peýdalanýar. Ol uzak aralykdan hassalaryň keselini anyklamakda, bejerişi alyp barmakda, maslahat bermekde hem-de yzygiderli gözegçilik etmekde ähmiýetlidir».
Telelukmançylyk ― grekleriň «tele» sözünden emele gelip, terjime edilende «daş, aralyk, uzaklyk» diýen manyny berýär. Telelukmançylyk tehnologiýalary arkaly baryp ýetmesi howply ýa-da mümkin bolmadyk ýerlerde uzak aralykdan lukmançylyk hyzmaty amala aşyrylýar. Keseli anyklamaga, öňüni almaga we bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlary kömege mätäçlik barada ýörite habar gelensoň, informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň üsti bilen ähli ugurlar boýunça ýerine ýetirilýär.
Telelukmançylyk maslahat berlişi
Maslahat bermek işinde lukman bilen näsagyň arasynda audio-wizual, ýagny ses we şekil arkaly aragatnaşyk ýola goýulýar. Ol lukmançylyk maglumatlarynyň aragatnaşygyň elektron ýoly arkaly berilmegini öz içine alýar. Lukmançylyk maglumatlary ýönekeý usulda elektron poçta we onlaýn aragatnaşygyynda dürli wideoenjamlar arkaly alyş-çalyş edilýär.
Gaýragoýulmasyz we meýilnamalaşdyrylan maslahat beriş wideo enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylanda aragatnaşyk maslahat beriji lukman bilen bejeriji lukmanyň arasynda, zerurlyk ýüze çykanda, hassanyň hem gatnaşmagynda bökdençsiz ýola goýulýar.
Wideokonferensiýa görnüşli maslahat berişde göni aragatnaşyga birbada dürli saglyk merkezlerinden birnäçe lukmanlar goşulyp biler. Uzak aralykdan amala aşyrylýan şeýle maslahat beriş çäreleri näsag üçin maddy taýdan amatlylyk döredýär. Bu gatnaşyklar aralygyň uzaklygy bilen çäklendirilmeýär. Wideokonferensiýalar sanly telefon liniýasy ISND hem-de IP torlary arkaly hem geçirilýär.
Teleokuwlar
Telelukmançylykda umumy okuwlary, wideoseminarlary we okuw konferensiýalary öz içine alýan teleokuwlar yzygiderli guralýar. Olarda öwrediji lukman hünärmen diňleýji auditoriýa bilen interaktiw aragatnaşykda bolýar. Umumy sapaklara dürli geografik ýerleşmeli diňleýjileriň birbada ençemesi gatnaşyk biler.
Tor wideokameralarynyň ulanylmagy bilen hirurgik operasiýalaryň göni alnyp görkezilişi guralýar. Internetiň adaty serişdeleriniň üsti bilen telelukmançylygyň laboratoriýasynda we operasion merkezlerde goýlan wideokameralara baglanyp bolýar. Onlaýn aragatnaşygynda uzak aralykdan tejribeli hirurg beýleki bir lukman kärdeşiniň «eli» bilen operasiýa işini alyp barýar hem-de oňa gözegçilik edýär.
Telehalypaçylyk
Telelukmançylyk tehnologiýalary telehalypaçylyk işini görnetin ösdürdi we lukmanlaryň taýýarlygynyň berkemeginde has ähmiýetliligi bilen tapawutlandy. Saglyk merkeziniň hünärmenleriniň özara maslahat alyşmagy üzňeleşen az ilatly ýerlerde hem lukmanlaryň hünär yzagalaklygyny, täzeliklerden habarsyzlygyny aradan aýyrýar. Şeýle maslahat alyşmalarda lukmanlar goşmaça tejribe we bilim toplaýarlar. Telelukmançylygyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, lukmanlar müňlerçe kilometr uzaklykdan bu ugurda iň tejribeli hünärmenleriň umumy okuwlaryny diňleýärler hem-de operasiýalaryň alnyp barlyşyna syn edýärler.
Lukmanlar internetiň bütindünýä tory we elektron poçta arkaly alan maglumatlaryna: laborator barlaglaryň netijelerine seredip näsagyň keselini anyklaýar. Telelukmançylyk arkaly dünýäniň dürli saglygy goraýyş we ylmy-derňew merkezleriniň lukmanlary özara kärdeşlik gatnaşyklaryny saklaýarlar. Wideokonferensiýa arkaly janly söhbetdeşlik, gürrüňdeşlik guralýar we daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş merkezleriniň arasynda näsagyň lukmançylyk resminamalarynyň, barlaglarynyň alyş-çalşygy amala aşyrylýar.
Gaýragoýulmasyz telelukmançylyk toplumy
Soňky wagtda gaýragoýulmasyz telelukmançylyk toplumynyň ösüşi giň gerim aldy. Olar heläkçiligiň ýüze çykan ýerinde gaýragoýulmasyz lukmançylyk işini alyp barmaga ýardam edýär. Bu toplumlar bilen tiz kömek gullugy, maşgala lukmanlary, hassahanalar, halas ediji toparlar we beýleki lukmançylyk edaralary enjamlaşdyrylýar. Gaýragoýulmasyz telelukmançylygyň döwrebap toplumynda lukmançylyk gurallary bilen ýeňil baglanýan kuwwatly kompýuter, golaý we daş aralyk üçin simsiz aragatnaşyk, wideokonferensiýa hem-de IP eşitdiriş serişdeleri bar.
Telelukmançylyk ulgamy hroniki keselli hassalaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmekde hem ähmiýetlenýär. Bu ulgam käbir senagat desgalarynda: atom elektrostansiýalarynda işgärleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik işini amala aşyrýar. Uzak aralykdan ýerine ýetirilýän biomonitoringiň(gözegçilik) geljegi has uly bolan ugry egin-eşiklere dakylýan integrasiýa maglumat berijiler, beýleki degişli enjamlar, ykjam telefonlar bilen baglydyr. Döwrebap ykjam telefonlar ýürek EKG-sini, gan basyşy we beýleki maglumatlary hasaba almak we olary internetiň üsti bilen saglyk merkezlerine ugratmak, ulanyjynyň janyna howp abananda onuň ýerleşýän ýerini anyklamak ýaly başarnyklara eýedir.
Maglumaty toplamagyň döwrebap usulynda lukmançylyk gadjetleriň hyzmatyndan peýdalanylýar. Olar hereketiň çeýeligi, ädimleriň sany we ýürek urşy barada maglumatlary toplaýar. Telelukmançylygyň bu böleginiň ösmegi bilen lukmançylyk maglumatlary has elýeterlilige eýe bolýar. Puls ölçeýji gadjet birnäçe «akylly» el sagatlarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Telelukmançylyk geljegi uly bolan täze ulgam hökmünde dünýä maýadarlarynyň ünsüni özüne çekýär. Şeýle-de telelukmançylyk toplumlary «akylly» öýüň bir bölegi hasaplanylýar.
Telelukmançylygyň esasy wezipeleri ilat arasynda keselleriň öňüni almakdan, lukmançylyk hyzmatynyň tölegini azaltmakdan, uzak aralykdan hyzmaty amala aşyryp, üzňeleşmäni aradan aýyrmakdan hem-de hyzmatyň derejesini we hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Telelukmançylygyň geljekki ösüşi nanotehnologiýa, informatika we beýleki ylmy ugurlardaky üstünlikler, täze açyşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Telelukmançylyk torlarynyň döredilmeginde aragatnaşygyň ähli mümkinçiliklerinden: ýerüsti hem hemra, simli-optiki hem simsiz, ykjam telefonyň aragatnaşyk torlaryndan peýdalanylýar.
Häzirki wagtda birnäçe ýurtlarda we halkara guramalarda telelukmançylygyň ösüşiniň täze taslamalary işlenip düzülýär. Bu ugurda dünýä telekommunikasiýa toruny döretmek teklibi orta atyldy. Galyberse-de, ylmy resminamalaryň we maglumatlaryň elektron alyş-çalşygyny ýola goýmak, telekommunikasion torlardan olaryň çaltlaşdyrylan gözlegini amala aşyrmak, gaýybana ylmy jedelleri alyp barmak, elektron ses bermeleri döretmek hem göz öňünde tutulýar.
Aýsenem GURBANOWA
Žurnalist.
Türkmenistan-Kolumbiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy