Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz bu duşuşykda eden maksatnamalaýyn çykyşynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Şol pudaklaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar” diýip belledi.
Milli ykdysadyýetiň kämilleşmeginde, esasan hem, hususyýetçilere aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda hereket edýän maksatnamalaryň, hukuk resminamalarynyň agramly bölegi döwletiň ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda zähmet çekýän telekeçileri goldamak, ýeňillikli karz serişdeleri bilen üpjün etmek, olaryň işe höwesini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Dürli pudaklarda öz hususy işini ýöredip, tutanýerli zähmet çekýän işewürler döwletiň her bir ykdysady ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Telekeçileriň oýlap tapyşlarynyň netijesi bolan häzirki zaman tehnologiýalary, şeýle-de ylmy taýdan esaslandyrylan pikirleri, dürli görnüşdäki taslamalary bazar ykdysadyýetiniň hyzmatlar ulgamynda we üznüksiz önümçiligiň gidişinde aýratyn ähmiýetlidir.
Telekeçilerimiz tarapyndan bu günki gün senagat, söwda, dokma, tikinçilik, halyçylyk, mebel, gurluşyk harytlary, oba hojalyk, ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, şeýle-de elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi ýaly ulgamlarda uly işler amala aşyrylýar.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk ugurlaryny durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär.
Gülşat Aýhanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.