TEHNOLOGIÝA

Telefon örtügi zarýad berer

Günorta Koreýanyň “SNU BioRobotics Lab” akylly telefonyň örtügini awtomatiki usulda simsiz zarýad berer ýaly edip taýýarlady. Bu barada “IEEE Robotics and Automation Letters” atly žurnalda degişli makala çap edildi.

Akylly telefonyň örtügi iki hereketlendiriji we alty aýak bilen enjamlaşdyrylan, olar her tarapa bir motor bilen bilelikde hereket edýär. Aýlanmak üçin robot bir tarapda hereketlendirijileriň tizligini üýtgedýär. Örtügi operator tarapyndan dolandyrylýan bolsa, awtorlar ony awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrjak bolýarlar.

Ýeňildigine garamazdan, örtük ägirt uly göterijilik ukybyna eýedir. Öz agramyndan 13 esse göterip bilýär. Işläp düzüjileriň pikiriçe, geljekde robot kömekçisi maglumatlary ýygnap ýa-da zerur bolsa eýesine gaýtaryp bilerler.

Related posts

90 ýaşynda kosmos syýahatyny amala aşyrdy

Duzly suwy süýjediji täze tehnologiýa

«Huawei» akylly telewizory 8-nji aprelde satuwa çykarylar

Ata Watan Eserleri