SIZDEN GELENLER

Tebigatyň abadançylygy — adamzadyň bagtyýarlygy

Daşky gurşawy goramak tutuş adamzadyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Şonuň üçin bu mesele Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ekologiýanyň arassa saklanylmagy babatda nusga alarlyk tejribe toplanyldy. Ýerleriň çölleşmeginiň, şorlaşmagynyň öňüni almak üçin iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, zeý suwlarynyň bir ýere ýygnalmagy, şor suwlaryň süýjedilmegi, senagatda we ilatyň zerurlyklaryny üpjün etmekde iň arassa ýangyç bolan tebigy gazyň ulanylmagy, energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ylmy taýdan özleşdirilmegi we başga-da birnäçe çäreler bu aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly milli strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Watanymyz BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalaryň birnäçesini tassyklady. Türkmenistan tarapyndan ýokary derejeli forumlarda öňe sürlen başlangyçlar halkara bileleşikler tarapyndan giň goldawlara eýe bolýar. Şolaryň hatarynda, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny we Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral meselesiniň aýry-aýry ugurlaryny ýüze çykarmak, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly teklipleri görkezmek bolýar.

Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda we beýleki durmuş-ykdysady maksatnamalarda  tassyklanan ugurlaryň çäklerinde biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary goramak boýunça ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmak arkaly zeý suwlary Garaguma jemlemek, «Gök guşak» syýasatynyň çäginde ýurdumyzy gök zolaga öwürmek bilen, daşky gurşawy goramak barada anyk işler toplumlaýyn amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etmegi ýurdumyzyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde «Bitewi suw» sammitine gatnaşmagy we onda eden taryhy çykyşy halkymyzy diýseň buýsandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyz döwlet derejesinde daşky gurşawyň goraglylygyna aýawly çemeleşmäge, ýerleriň şorlaşmagyna, zaýalanmagyna we çölleşmegine garşy göreşmäge, ýurduň ähli ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen giň gerimli we köpugurly çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Döwletimiziň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda alyp barýan netijeli işlerini güýçlendirmäge, tebigaty aýawly saklamaga, howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga, suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmaga, sebitde durnukly ösüşi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga ýurdumyzyň raýatlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýan we ata Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Baýram Gutlyýew, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy