Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir.
Ata Watanymyzda daşky gurşawy goramakda, tebigy serişdeleri aýawly saklamakda we peýdalanmakda asylly ýörelgelere eýerilýär, dünýä we milli tejribelere daýanylýar. Irki döwürlerden bäri bag ekmek we arassa daşky gurşawy emele getirmek halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň çäklerinde millionlarça bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, daşky gurşawyň arassa bolmagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar» diýip nygtap geçmegi bu meseläniň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär.
Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen tebigaty goramak boýunça halkara Konwensiýalarynyň ençemesine gatnaşýar. Bütin adamzady biynjalyk edýän ekologiki mesele ýurdumyzyň raýatlarynyň hiç birini biparh goýmaýar. Daş-töweregi arassa saklamaga, bag-bakjalary ösdürip ýetişdirmäge, ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilip, agaç nahallaryny oturtmaga köpçülikleýin üns berilmegi tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň iň peýdaly usulydyr.
Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ― ynsan saglygynyň, belent ruhunyň we ömrüniň dowamlylygynyň uzaldylmagynyň gönezligidir. Tebigata ýaşlygyndan söýgi döredilýän nesillerde ynsanperwerlik, rehimdarlyk häsiýetleriniň kemala gelmeginde ekologiýa terbiýesiniň ähmiýeti uludyr. Bu terbiýe ulgamy zähmet, gözellik terbiýesi ýaly ulgamlar bilen hem baglanyşyklydyr. Watanyň her bir gül-gunçasyna söýgi bilen garaýan ýaş nesillerde zähmet terbiýesi, gözellik düşünjeleri has-da berkeýär.
Dogrudan-da, häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyndan we Milli tokaý maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak işi güýçli depginde dowam edýär, şunda ylmyň soňky gazananlary, innowasiýalar giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar
Berdi Mämmedow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Binagärlik (landşaft dizaýny) hünäriniň 1-nji talyby.
