JEMGYÝET

Täze tehnikalar milli telewideniýäniň mümkinçiliklerini artdyrar

Milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça döwlet Baştutanyтyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, pudagara topar döredildi. Geçirilen seljermäniň netijesinde alnan maglumatlaryň esasynda 2025-nji ýyla çenli üç tapgyrda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamasy taýýarlandy we döwrebap enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.

«Türkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, onuň netijeleri boýunça Ýaponiýanyň «Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC» kompaniýasynyň enjamlarynyň hiliniň ygtybarlylygy we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýandygy, teleradio enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesiniň has ýokarydygy göz öňünde tutuldy.

Milletiň Lideriniň ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyna, şeýle hem işgärleriň hünärleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygy hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkara bäsleşik geçirilende okuw merkeziniň döredilmegi hem göz öňünde tutuldy. Onda täze ornaşdyryljak enjamlary dolandyrjak hünärmenler okadylyp, hünär kämilleşdiriş işleri ýola goýlar. Şeýle-de, bu merkezde tehniki enjamlary bejeriş we abatlaýyş enjamhana merkezi hereket eder. Hünärmenleriň daşary ýurtlara okuw-iş saparlary-da guralar.

Döwrebap tehniki enjamlar 3 tapgyrda ýurdumyza gelip gowşar hem-de olara degişli kompaniýalaryň hünärmenleriniň 2 ýylyň dowamynda gözegçiligi ýola goýlar.

Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylda açylyp, ulanmaga berlen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Bu merkezde, şeýle hem «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň binasynda «Ýaýlyma goýberiş» otaglary, «Apparat studiýalar», «Wideoýazgylar», «Radiogepleşikler», «Kompýuter grafika», «Hemra aragatnaşyk» bölümleri, «Merkezi enjamhana», awid we göni montaž otaglarynyň köp sanlysy hereket edýär. Olaryň tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga ýardam eder. Geljekde welaýatlar bilen optiki süýümli aragatnaşygyň ýola goýulmagy, sanly maglumatlaryň dessine, öňküden-de has çalt kabul edilmegi we beýleki döwrebap şertler işleriň ilerlemegine täsirini ýetirer.

Ýene-de okaň

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri