«Umumybilim edaralarynda 2020 — 2021-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň we okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň wagtlaýyn gözükdirmesine» laýyklykda öňüni alyş we zyýansyzlandyryş çärelerini geçirýär diýlip Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň aýratyn howply ýokanç kesellere garşy göreşmek bölüminiň başlygy Gurbangül Öwliýagulowanyň https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/5207 linkinde neşir edilen makalasynda aýdylýar. Awtor bu öňüni alyş we zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek üçin 1-nji sentýabrdan başlap ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda birnäçe girelgeleri döretmelidigini belleýär. Makalada şeýle hem şu çäreler aýdylýar:
- ähli okuw binalarynyň girelgelerinde zyýansyzlandyryjy böwetleri gurnamaly;
- okuwçylar we talyplar irden okuwa gelende olaryň beden gyzgynyny ölçemeli we beden gyzgyny ýokary bolan ýa-da kesel alamatlary ýüze çykanlary çetleşdirip, gyssagly saglygy goraýyş edarasyna ugratmaly;
- ähli bilim edaralarynda elleri zyýansyzlandyrmak üçin ýörite nokatlary döretmeli we olary zyýansyzlandyryş serişdeleriniň ýeterlik mukdary bilen üpjün etmeli, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berk berjaý etmeli, elleri suwuk sabyn bilen ýuwmaly we zyýansyzlandyrmaly;
- mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň we bilim işgärleriniň agyz-burun örtüklerini hereket edýän kadalara laýyklykda hökmany ulanmaklaryny üpjün etmeli, agyz-burun örtüklerini dakynmaly we olary öz wagtynda çalşyp durmaly;
- okuwçylaryň oturýan partalarynda ýerleşişini howpsuz aralyga laýyklykda tertipleşdirmeli hem-de iki metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamagyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli;
- ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda öňüni alyş we zyýansyzlandyryş işlerini bellenen gözükdirmä laýyklykda geçirmek üçin zyýansyzlandyryjy serişdeleri, gipohlorid, hlor heki, mikrodez, steriderm we ş.m. serişdeler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmeli;
- binanyň otaglaryny her gün irden okuw başlamazdan öň we agşam okuwdan soň ýörite zyýansyzlandyryş serişdeleriniň kömegi bilen zyýansyzlandyrmaly, partalary we oturgyçlary, mebelleri, gapylary, penjireleri we olaryň tutawaçlaryny hem-de beýleki okuw esbaplaryny arakesmelerde çygly ýuwujy serişdeler bilen arassalamaly;
- okuwçylar arakesmede bilim edaralarynyň çäginden daşary çykmaly we okuw zerurlygy bilen bagly bolmadyk hereketleri çäklendirmeli, her arakesmede okuw otaglarynyň howasyny çalşyp durmaly;
- dermanlyk ot bolan üzärligi her gün 3 wagtyna (irden, günortan we agşam) tütetmeli;
- agyz suwunyň, taýýar iýmit önümleriniň arassaçylyk düzgünlerine laýyk saklanyşyna, daşalyşyna we ulanylyşyna berk gözegçilik etmeli;
- ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen talyplaryň arasynda öňüni alyş çäreleriniň guralyşyna we geçirilişine, täze okuw ýylyna gelýän talyplary ýaşaýan ýerleri boýunça 14 gün lukmançylyk gözegçilige almak işlerine gözegçiligi amala aşyrmaly;
- bilim we saglygy goraýyş müdirlikleri bilelikde möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmeli, ýatlatmalary, bukletleri taýýarlamaly, bu ugurda okuw derslerine degişli mowzuklary girizmeli.
Şu düzgünleriň ýurdumyzyň ähli bilim edaralary tarapyndan doly we dogry berjaý edilmegi örän möhümdir. Munuň özi häzirki şertlerde her birimiz üçin, sagdynlygymyz üçin gaýragoýulmasyz zerurlykdyr.
Degişli habarlar
Keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreler girizildi
“Sputnik V” 40 müň adama sanjym ediler
Hytaýyň sanjymy hem taýýar bolýar
COVID19 barada nädogry maglumat ölüm howpyna getirip biler
Covid-19: Sanjym öndürilip başlady
Saglyk we Bilim ulgamyna degişli beýleki habarlarymyzy okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!
Hormatly okyjylarymyz!
Eger Sizi Täleýnamalar gyzyklandyrýan bolsa we ýyldyzlar näme diýýär bilesim gelýär diýýän bolsaňyz onda Täleýnamalar sahypamyz garaşýarys. Bu sahypa üçin gök ýazylan ýere basyň ýa-da ýokardaky surata basyň!