SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çärelere derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk, bilim tehnologiýalaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlaryň, sport hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şunuň bilen birlikde, forumyň çäklerinde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresini, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ösdürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek, bilim işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Täze çäklendirme: Medeniýet we hyzmat edaralary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Owganystan: saglyk ulgamynda hyzmatdaşlyk

THY: içerki gatnawlar üçin rugsatnama

Ata Watan Eserleri