JEMGYÝET

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyna 2 milliondan gowrak myhman geldi. Bu barada sergini guraýjylar habar berdiler.

Pawilýonyň wekilleri myhmanlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, munuň bolsa Türkmenistanyň medeniýetine, gazanan üstünliklerine we häzirki zaman ösüşine bolan durnukly gyzyklanmany tassyklaýandygyny belläp geçdiler.

Pawilýonyň binagärlik konsepsiýasy milli nyşanlary we häzirki zaman çözgütlerini öz-özünden utgaşdyrýar. Onuň gurluşygynda ýurduň durnukly ösüş ideýalaryna ygrarlylygyny nygtaýan ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanyldy.

Sergi innowasion tehnologiýalara, ykdysady mümkinçiliklere we baý taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan birnäçe tematiki bölümler bilen hödürlenýär.

Myhmanlar türkmen halylarynyň ýygyndysyny görüp, halk senetçiligi bilen tanşyp we milli aşhananyň tagamlaryny dadyp bilerler.

Pawilýonyň taslamasynyň “Belli Creative” dizaýn-studiýasy tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek.

Bütindünýä EXPO-2025 sergisi 13-nji aprelden 13-nji oktýabra çenli Osaka aýlagyndaky Ýumeşima emeli adasynda geçirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri