BILIM

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Farýal Legharyň «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda, Yslamabadyň bilim ulgamynda Aşgabat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar diýlip bellenilýär.

Ilçiniň belleýşi ýaly, halkara derejesindäki Pakistanyň uniwersitetleri, hünär taýýarlygy boýunça ýöriteleşdirilen merkezler, lukmançylyk institutlary, şeýle hem kiberdolandyryş, maglumat tehnologiýalary, emeli aň we maşyn öwreniş ugurlary boýunça okuw mekdepleri türkmen ýaşlaryna we hünärmenlerine elýeterli bolup biler.

«Pakistan öz okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryna talyp haky bermäge, urdu we türkmen dillerinde iki dilli okuw maksatnamalaryna başlamaga, şeýle hem halkara mekdebini döretmäge taýýardyr» diýip, makalada bellenilýär.

Diplomat nygtaýşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy diňe bir bilimde däl, eýsem medeni alyş-çalyşlarda, sungatda, modada we sportda giňeltmek maksadalaýykdyr.

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar