TEHNOLOGIÝA

Täze iri awtokonsern döreýär

Fransiýanyň PSA topary (Peugeot, Citroen) we italýan-amerikan FCA (Fiat Chrysler Automobiles) awtomobil kompaniýasynyň birleşmeginiň esasynda täze iri awtokonsern dörär. Ol “Stellantis” diýlip atlandyrylar. Bu barada Fransiýanyň PSA toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu at “stello” latyn sözünden gelip, ol hem “ýyldyzlar ýaly şöhle saçmak” diýen manyny berýär. Täze at diňe korporatiw brend hökmünde ulanylar. Kompaniýalar taryhy atlaryny saklap galarlar.

Dünýäniň iri iri awtoulag öndüriji kompaniýalarynyň birleşmegi 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde tamamlanar. Kompaniýalaryň birleşmegi baradaky gepleşikler 2019-njy ýylyň güýzünden bäri alnyp barylýar. Birleşmek işi tamamlanandan soňra dörejek konsern dünýäde awtoulag söwdasy boýunça (8,7 million awtoulag) dördünji orny eýelär. Girdejisi 170 milliard ýewro deň bolar. Her kompaniýanyň paýdarlary täze birleşdirilen toparyň paýlarynyň 50% -ine eýeçilik ederler.

PSA toparynyň häzirki prezidenti Karlos Tawares ýerine ýetiriji direktor bolar, FCA toparyndan Jon Elkan dolandyryş geňeşiniň ýolbaşçylygyny amala aşyrar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar