SPORT

Taýger Wudsuň täze rekordy

Uzak wagtdan soňra täzeden golf sportuna dolanyp gelen Taýger Wuds bu gezek golf taýajyklary bilen rekord goýdy. “Mayor” ýaryşynyň 15 gezek çempiony bolan Wudsa degişli golf taýajyklayr toplumy auksionda 5,15 million dollara satyldy.

Taýger Wuds dünýä golf sportunda köp sanly rekordlar goýdy. Ol maliýe babatda hem dünýäniň iň baý türgenlerinden biridir.

Dünýä belli golfçynyň 2000-nji we 2001-nji ýyllarda oýnan golf taýajyklary 5 million 156 müň 162 dollara satyldy.

Mundan ozal, golf sporty boýunça auksionda gymmat bahadan satylan zat Horton Smite degişli köýnekçe bolup, ol hem 682 müň dollara satylypdy.

Wudsuň satylan golf taýajyklary hýustonly işewür Todd Broka degişlidir. Ol muny 2010-njy ýylda 57 müň dollara satyn alypdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Er-Riýadda boks gijesi: rus boksçylaryň çempionlyk tutluşygy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär