SPORT

Taryhdaky iň gymmat Olimpiýa oýunlary

Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen tomusky Olimpiýa oýunlary koronawirus ýokanjy sebäpli bir ýyl yza süýşürilip, 2021-nji ýylda geçirildi.

Dünýäniň iň abraýly sport ýaryşy hasaplanýan Olimpiýa oýunlary ähli sport türgenleri üçin uly ähmiýete eýedir. Tokiodaky Olimpiýa oýunlary häzirki wagta çenli geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň hatarynda iň gymmat sport ýaryşlarynyň biri boldy.

Tokio Olimpiýa oýunlarynynyň guramaçylary sport ýaryşynyň meýilleşdirilenden 2 esse gymmat bolandygyny bellediler. Bu Olimpiýa oýunlary üçin 13 milliard dollar sarp edildi. Diňe koronawirus ýokanjy bu ýaryşyň býujetine 3,5 milliard dollar täsir etdi. Koronawirus ýokanjy diňe bir sport ýaryşyny 1 ýyl yza süýşürmek bilen çaklendirmän, eýsem maliýe çykdajylaryny hem artdyrdy.

Ýapyk görnüşdäki sport desgalary bolsa, guramaçylara 800 million dollar goşmaça çykdajy etmäge şert döretdi.

Ýaponlar bu Olimpiýa oýunlaryndan girdeji gazanmak islediler. Ýöne ol başa barmady. Şeýlelikde, Olimpiýa oýunlary taryhdaky iň gymmat sport ýaryşy boldy.

 

Ýapon futbolçy “Monako” geçdi

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler