JEMGYÝET

Taryhda şu gün – 4-nji noýabr

Şu gün 4-nji noýabr, ýylyň 308-nji güni. Geliň, 4-nji noýabrda bolan taryhy wakalar, dünýä inenler we aradan çykanlar barada gysgaça maglumatlar bilen tanyş bolalyň.

Taryhy wakalar:

2008 – Barak Obama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti wezipesine saýlanan  afroamerikaly ilkinji adam boldy.

1980 – Ronald Reagan ABŞ-nyň 40-njy prezidenti  wezipesine saýlandy.

1973 – Niderlandlar nebit ýetmezçiligi sebäpli ilkinji awtoulagsyz ýekşenbäni başdan geçirdi. Awtoulag ýollarynda diňe tigir sürýänler we rolikliler orun aldy.

1952 – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti Milli howpsuzlyk gullugyny döretdi.

Dünýä inenler:

1946 – Laura Buş — Amerikaly mugallym we kitaphanaçy, ABŞ-nyň 45-nji birinji aýaly.

1976 – Daniel Bahr — nemes syýasatçysy, Germaniýanyň Federal Saglygy goraýyş ministri.

1955 – Matti Wanhanen — žurnalist we syýasatçy, Finlýandiýanyň 40-njy premýer-ministri.

1937 – Maýkl Wilson — Kanadaly akademik we syýasatçy, Kanadanyň 31-nji Maliýe ministri.

Aradan çykanlar

1992 – Jorj Kleýn — kanadaly inžerener maýyplar üçin motorly arabany oýlap tapyjy.

1924 – Riçard Konner — Amerikaly  harby işgär, Hormat medalynyň eýesi.

1921 – Hara Takaşi — ýapon syýasatçysy,Ýaponiýanyň 10-njy premýer-ministri.

1895 – Ýujin Fild — Amerikaly žurnalist, ýazyjy we şahyr.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi